Her bir halkyň, döwletiň özygtyýarlylygyny aňladýan nyşanlary bar. Olar döwletleriň, halklaryň milli aýratynlyklaryny häsiýetlendirýär. Olaryň biri-de Döwlet baýdagydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 22-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşany – Döwlet baýdagy. 2017-nji ýyldan başlap, her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilelikde dabaraly bellenilýär.
Türkmenistanyň Döwlet baýdagy milletiň agzybirliginiň we Garaşsyzlygynyň hem-de döwlet Bitaraplygynyň nyşanydyr. Garaşsyz Türkmenistan dünýäde häzirki emele gelen ähli hakykatlary ykrar etmek bilen, şol bir wagtda gadymy taryhy köklere daýanyp, syýasy, ykdysady, durmuş, medeni, täze filosofiýany döretdi. Bu syýasat taryhy geçmişi öz içine aldy. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkiniň saýlanyp alynmagynda we ondaky alamatlaryň ýerleşdirilmeginde türkmen halkynyň ýüregine has ýakyn bolan niýetlerinden, ynamyndan, däp-dessurlaryndan, milli aýratynlyklardan we taryhy köklerimizden ugur alnandygy görünýär. Ýaşyl reňk tebigatyň joşan iň ajaýyp reňkleriniň biri. Ýaşyl öwüsýän ösümlikli meýdanlar gözelligi, bolçulygy, abadançylygy, asudalygy alamatlandyrýan Döwlet baýdagymyzda Aý bilen bäş ýyldyz ýerleşdirilen. Alymlar we hünärmenler Aýyň alamatlandyrylmagynyň birnäçe manysynyň bardygyny belleýärler. Aý doganda, adamlar gadymy döwürden bäri ony ýüzüne sylýar. Arassa asmandaky Aý dünýä abadançylygyny görkezýär.