"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Gezen ýerleri

Bu keremli daglar, görkana ýerler, Akyldar Pyragyň gezen ýerleri. Bu gözel jülgeler,gadym dereler, Akyldar Pyragyň gezen ýerleri, Joşup, goşgy-gazal düzen ýerleri. Togap edip gadam basan yzyny, Ýüze syldym daglylaryň duzuny. Diňledim goşgusyn dutar sazyny, Akyldar Pyragyň gezen ýerleri, Joşup, goşgy-gazal düzen ýerleri.

Arzuwlan zamanaň geldi!

Adyň Arşda, köňlüň köşkdür, parasatly beýik dana,Her setiri umman kibi eýedir ol giden mana,Ägirtden dörän ägirtdir, hakdan içen hak ulamaBeýik! Beýikligiň bilen haýran etdiň şamçyragy,Arzuwlan zamanaň geldi, tirsegiňe gal Pyragy! Açyldy arzuw gunçalaň, baglaryň bossan bolandyr,300 ýyllyk toýuň bilen şanyňa dessan bolandyr,Dürdäne setirleň bilen ak ýolda messan bolandyr,Şan-şöhratyň Arşa galdy, bagtly iliň ajap çagy,Arzuwlan zamanaň geldi, tirsegiňe gal Pyragy!

Magtymguly Pyragy we Aly şahyr

Aralarynda bäş asyr wagt bar bolsa-da, bu iki ussady söz sungaty baglanyşdyrýar. Edebiýatymyzyň taryhynda «Kyssaýy Ýusup» poemasy bilen tanalýan, ömrüne degişli juda az maglumatlar saklanyp galan şahyrlaryň biri-de Alydyr. Ol XIII asyrda, takmynan, 1195-1260-njy ýyllarda Köneürgençde ýaşapdyr we kyssaýy «Ýusup Züleýhany»  ilkinji gezek türki dilinde poema edip ýazypdyr. Bu poemanyň her setiri on iki bogunly bolup, 4280 töweregi setiri özünde jemleýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem Ýusubyň keşbi gözelligiň nyşany hökmünde orta çykýar. Milli şahyrymyz bu kyssa aýratyn söýgi bildirýär we ençeme şygyrlarynda ýüzlenýär. Diňe bir mysal ýa salgylanma hökmünde garaman, oňa bagyşlap aýratyn şygyrlary-da ýazýar. Şahyryň «Arap tilli söwgüdim», «Ýaranlar», «Ýusup diýe-diýe»... ýaly şygyrlary gönüden-göni Ýusup kyssasynyň täsiri esasynda ýazylan eserlerdir.

Paýtagtymyzda türki döwletleriň suratkeşleriniň festiwaly geçirildi

Aşgabatda TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň çäklerinde Türki döwletleriň suratkeşleriniň festiwaly hem geçirildi. Oňa türkmen suratkeşleri bilen bilelikde Gazagystan, Azerbaýjan, Özbegistan, Türkiýe we Gyrgyz Respublikalaryndan gelen suratkeşleri-de gatnaşdylar. Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginiň Sergi jaýynda suratkeşleriň döredijilik duşuşygy guraldy.

Aşgabatda TÜRKSOÝ guramasynyň ikinji teatr festiwaly öz işine başlady

Şu gün 18-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza bolan ýurtlaryň II teatr festiwalynyň açylyş dabarasy boldy. Festiwal türki döwletleriniň: Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň sungat ussatlaryny bir ýere jemledi. Ýatlasak Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ-yň) mydamalyk geňeşiniň 39-njy maslahatynda 2024-nji ýylda «Änew Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilipdi. Bu halkara derejedäki ähmiýetli wakalar teatr festiwalynyň mazmunyny düzer. Häzirki wagtda gadymy Änewiň taryhy-arheologik, binagärlik we etnografik ýadygärlikleri ylmy esasda öwrenilýär. Şol nukdaýnazardan bu geçirilýän festiwalyň düýp manysy Änew medeniýeti bolmak bilen, festiwalyň çäklerinde Seýitjemaleddin ýadygärlik toplumyna baryp görmegi meýilleşdirilýär.

Gyrgyz dilinde Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň täze neşiri

Düýn, 17-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda gündogaryň beýik akyldary, dana şahyr Magtymguly  Pyragynyň «Magtymguly» atly gyrgyz dilindäki goşgular ýygyndysynyň täze neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Magtymguly Pyragynyň özbek diline terjime edilen goşgylar ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy

Düýn, 16-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň  özbek dilinde terjime edilen goşgylar ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň we Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň wekilleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, professor-mugallymlar we talyplar gatnaşdylar. Bu dabaranyň baş binasynda türkmen hem-de özbek halkarynyň medeni gymmatlyklaryny açyp görkezýän sergi hem guraldy. Iki doganlyk halklaryň gymmatly medeni mirasyny şöhlelendirýän bu sergi dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy.

Şahyr Kerim Gurbannepesowyň 95 ýyllygy

Düýn 15-nji oktýabrda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesowyň 95 ýyllygyna bagyşlanan «Sözden mähir ýasan şahyr» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Dabaraly duşuşyga Türkmenistanyň Hormaty il ýaşulysy Kakadurdy Täjimow, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Ýazgylyç Aşyrow, Kerim aganyň ogly Nazar Gurbannepesow, Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň talyby Kerim aganyň ady dakylan çowlugy Kerim Gurbannepesow we başga-da birnäçe döredijilik işgärleri gatnaşdylar. Şeýle hem çärä gatnaşyjylar şahyryň döredijiligine degişli ajaýyp kitaplardan düzülen sergä syn etdiler.

Halkyň saglygy hakynda alada döwletiň baş wezipesidir

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň baş baýlygy bolan adam hakyndaky aladany hem-de onuň jan saglygyny gorap saklamak baradaky taýsyz tagallalary halkymyzda uly buýsanç döredýär. Şunuň bilen baglylykda Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap lukmançylyk merkezleri, şypahanalar ulgamy, sport toplumlary, sport mekdepleri, atçylyk-sport toplumlary döredilýär. Ynha, bu gün hem 9-njy oktýabrda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyz Aşgabatda 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş hem-de 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleri halkymyza hyzmat edip başlady. Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi 7 gatdan ybarat bolup, onda 20-den gowrak bölümler hereket edýär. Şonuň bilen baglylykda Kinezoterapiýa we gidroterapiýa bölüminiň wertual reabilitasiýa otaglary hem-de ol ýerde gurnalan Karen enjamlar toplumy iň ýokary kämil tehnogiýalar bilen üpjün edilendir. Onuň Ikinji gatynda Ablitasiýa bölüminiň 3D dinamiki lokomotor terapiýa otaglary ýerleşip, bu ýerde iň ýokary döwrebap lukmançylyk  enjamlary oturdylan. Mundan başga-da iň kämil enjamlary öz içine alýan Ortopediýa bölümi hereket edip, onda ulular üçin ýörite reabilitasiýa zallary häzirki wagtda halkyň hyzmatyndadyr.

Mahatma Gandiniň doglan gününiň 155 ýyllygy

Düýn 2-nji oktýabrda paýtagtymyzyň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Mahatma Gandiniň doglan güniniň 155 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Bu geçirilen çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, BMG-niň Türkmenistandaky sebitleýin utgaşdyryjysynyň wekili şeýle hem Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, institutyň talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we myhmanlar gatnaşdylar.

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy

Geçmişimize buýsanç, geljegimize güwäm,Sözden gurlan ymarat, mäkäm dowamat-dowam,Ýagşy doga-dilegler daňdan säherde sabamBeýikleriň beýigi şygryýet şamçyragy,Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy. Islegleri wysaldyr aklyklaryň astynda,Owazasy belentdir Goja Zemin üstünde,Halallyklar ýatandyr ata-baba kesbinde,Beýikleriň beýigi şygryýet şamçyragy,Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

Beýik Pyragy

Şanyňa şygyrlar näçe ýazsaň az,Köňülleň çyragy, Beýik Pyragy.Şygyrýetde goýup hiç öçmejek yz,Adamzat köňlüne seýik, Pyragy. Üç ýüz ýyllyk toýuňyza bagyşlap,Bäsleşik gurnalýar sözler nagyşlap,Şahyr joşa gelýär setir taraşlap,Watançylyk duýgyň söýüp, Pyragy.

Garaşsyzlyk - ata ýurduñ bezegi

Tükeniksiz bagtyýarlygyñ gujagynda ýaşaýan eziz halkymyz bu gün şanly Garaşsyzlygymyzyñ 33 ýyllyk toýuny uludan toýlaýar. 27-nji sentýabryñ bagt getiren säheri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ gatnaşmagynda Garaşsyzlyk binasyna toý güllerini goýmak bilen badalga alan mukaddes Garaşsyzlygymyzyñ baýramy dabaraly ýöriş bilen utgaşdy. Garaşsyzlyk baýdagynyñ astynda geçen bu dabaraly ýörişe halkymyz öz zähmet üstünlikleri bilen gatnaşdylar. Köpetdag şaýolunyñ ugrunda bina edilen döwlet münberinde geçirilen baýramçylyk ýörişi döwletimiziñ 33 ýylyñ dowamynda gazanan beýik ýeñişlerini, ýeten beÿik sepgitlerini dabaralandyrdy. Älemgoşar bezegli toý dabarasy, joşgunly çykyşlar, aýdym-sazlar, şahyrana setirler her birimiziñ kalbymyzda Garaşsyz watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrdy. Şanly toýuñ keşbinde Gahryman Arkadagymyzyñ: "Garaşsyzlyk milletimiziñ ykbalynyñ göterilmegidir" diýen ganatly sözleriniñ aýdyñ beýanyny görmek bolýar. 

Ar­ka­da­gyň ak ýo­ly — dostluk-do­gan­lyk ýol­y

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOW:─ Türkmen halkynyň gadymdan gelýän dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk däplerinden ugur alyp, bu gün türkmen-owgan gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär, halklarymyzyň bähbidine gönükdirilen taryhy taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysynda täze, möhüm sahypa açyldy. 11-nji sentýabrda Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy, Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň düýbüni tutmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň, «Turgundy» demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga bermek, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekedini işe girizmek dabaralary boldy. Dabaralara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, şeýle h

Döw­le­ta­ra dia­lo­gyň tä­ze sa­hy­pa­sy

28-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Eýran Yslam Respublikasynda boldy. Saparyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Prezident Masud Pezeşkian hem-de Beýik ruhy lider Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen gepleşikleri geçirdi. Mälim bolşy ýaly, dünýäniň döwletleri, ilkinji nobatda, ýakyn goňşular, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Arkadag şäheri täze halkara baýraklara mynasyp boldy

2024-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Arkadag şäheri Koreýa Respublikasynda geçirilen «World Smart City Expo 2024» atly «akylly» şäherleriň halkara sergisine gatnaşdy. Bu sergi dürli döwletleriň, daşary ýurt kompaniýalaryň jemi 116 sany pawilýonlaryny özünde jemledi. Arkadag şäheri — «Iň tapawutlanan «akylly» şäher» (bu baýrak bilen diňe Arkadag şäheri sylaglandy), «Daşary ýurt «akylly» şäheri», «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin» halkara baýraklaryna mynasyp boldy. 

Peder ýoly dowamat-dowam

Gahryman Arkadagymyzyň açan röwşen ýoly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasady bilen geljege uzaýar. «Ýoly ýörän ýeňer». Ata-babalarymyzyň döreden çuň manyly nakylyndaky «ýol» düşünjesine biz bu ýerde arzuw-maksatlara alyp gidýän ýol, ýagny ýörelge hökmünde garaýarys. Öňe gitmek üçin, ozaly bilen, ýoluňy dogry saýlamaly. Onsoň bu ýoluň ýagtysyny artdyrmaly. Onuň hümmetine hümmet, hikmetine hikmet goşmaly... Görnüşi ýaly, milletiň döwletlilik ýoluny geljege alyp gitmek ýeňil iş däl. Bu uly yhlasy, berk ynamy talap edýär. Uly paýhasy, uly düşünjäni, är gaýratyny talap edýär. Şeýle yhlas, şeýle ynam, şeýle paýhas, şeýle düşünje, şeýle gaýrat hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzda jemlenipdir. Allatagala bu milleti ýalkapdyr, bu topraga sahawat nazaryny aýlapdyr. Milletiň bagtyna halkyň saýlan perzendi peder ýoluny mynasyp dowam etdirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýurduň taryhy ösüşleri, halkyň bagtly durmuşy bilen şöhratlanýar. Edil öz Gahryman Arkadagyna belent söýgüsi hem ynamy ýaly, halkymyzyň ýüregi Arkadagly Gahryman Serdaryna belent söýgiden doly. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk senesiniň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň agzybirlige, joşguna, hyjuwa beslenjekdigine doly ynanýarys. Ýeri gelende, Ha

Halkyň alkyşy

Zamana saýlaýar gahrymanlary, Beýikleri beýik işler döredýär! Geçip Arkadagyň menzil-mekdebin,Asylzada peder ýolun ýöredýän Arkadagly Serdar!                                    Gahryman Serdar!  Dünýä ady bilen gelen Serdarsyň!Milletiň yrylmaz ynam-ygrary,  Päk umydy bilen gelen Serdarsyň!  Döwletli ojagyň,                                             halal ojagyňÖçmez ody bilen gelen Serdarsyň!Size jan ynanan iller hakyna,Ertelere barýan ýollar hakyna,Gül Watana,Giň jahana derkarsyň! «Döwlet gonsa, goç ýigidiň başynda,Hemaýatly ili gerek daşynda!».Dana Pyragynyň pendi berjaýdyr.Bu iller –                                dünýe deý gadymy iller Serwerine sagadatly türkmendir! Sahawatly, adalatly türkmendir!Gahrymany bolup bu beýik halkyň, Heňňam çarhyn ertirlere aýlamakMizemez ynamdan,                                    polat erkdendir!

«Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndan

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: Änew dünýäniň maddy medeniýetiniň möhüm sahypasy bolsa, Magtymguly Pyragy dünýäniň ruhy medeniýetiniň ösüşine goşandyny goşan beýik şahyrdyr. Magtymguly Pyragynyň şahsyýet belentligi şahyr diýlen umumy düşünjäniň çäginden has ýokardadyr.

Bi­lim dün­ýä­sin­de kä­mil ne­şir­ler

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 12-nji iýulynda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz täze okuw ýylyna toplumlaýyn taýýarlyk görüp başlamagyň, orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýeňil hem-de düýpli abatlaýyş işlerini geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekmek bilen, bilim maksatnamalaryny we meýilnamalaryny kämilleşdirmegiň, mekdepleri okuw kitaplarydyr gollanmalar bilen ýeterlik möçberde üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady. Ýurdumyzda çagalaryň döwrebap bilimli, edepli, sagdyn bolup ýetişmekleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwlet derejesinde uly aladalary edýärler. Hormatly Prezidentimiz «Okamak – bereket, ýazmak – kuwwat, döretmek – döwletdir» diýen dürdäne sözlerinden ruhlanyp, çagalary geljegi gurujylar hökmünde terbiýeläp ýetişdirmäge mynasyp goşandymyzy goşmaga çalyşýarys.