Magtymguly Pyragynyň özbek diline terjime edilen goşgylar ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy

17 Oktýabr 2024
356

Düýn, 16-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň  özbek dilinde terjime edilen goşgylar ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň we Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň wekilleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, professor-mugallymlar we talyplar gatnaşdylar. Bu dabaranyň baş binasynda türkmen hem-de özbek halkarynyň medeni gymmatlyklaryny açyp görkezýän sergi hem guraldy. Iki doganlyk halklaryň gymmatly medeni mirasyny şöhlelendirýän bu sergi dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy.

Jemal NURYÝEWA,
«Diýar».