Aşgabatda TÜRKSOÝ guramasynyň ikinji teatr festiwaly öz işine başlady

18 Oktýabr 2024
418

Şu gün 18-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza bolan ýurtlaryň II teatr festiwalynyň açylyş dabarasy boldy. Festiwal türki döwletleriniň: Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň sungat ussatlaryny bir ýere jemledi.

Ýatlasak Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ-yň) mydamalyk geňeşiniň 39-njy maslahatynda 2024-nji ýylda «Änew Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilipdi. Bu halkara derejedäki ähmiýetli wakalar teatr festiwalynyň mazmunyny düzer. Häzirki wagtda gadymy Änewiň taryhy-arheologik, binagärlik we etnografik ýadygärlikleri ylmy esasda öwrenilýär. Şol nukdaýnazardan bu geçirilýän festiwalyň düýp manysy Änew medeniýeti bolmak bilen, festiwalyň çäklerinde Seýitjemaleddin ýadygärlik toplumyna baryp görmegi meýilleşdirilýär.

«Diýar».