Tükeniksiz bagtyýarlygyñ gujagynda ýaşaýan eziz halkymyz bu gün şanly Garaşsyzlygymyzyñ 33 ýyllyk toýuny uludan toýlaýar. 27-nji sentýabryñ bagt getiren säheri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ gatnaşmagynda Garaşsyzlyk binasyna toý güllerini goýmak bilen badalga alan mukaddes Garaşsyzlygymyzyñ baýramy dabaraly ýöriş bilen utgaşdy.
Garaşsyzlyk baýdagynyñ astynda geçen bu dabaraly ýörişe halkymyz öz zähmet üstünlikleri bilen gatnaşdylar. Köpetdag şaýolunyñ ugrunda bina edilen döwlet münberinde geçirilen baýramçylyk ýörişi döwletimiziñ 33 ýylyñ dowamynda gazanan beýik ýeñişlerini, ýeten beÿik sepgitlerini dabaralandyrdy. Älemgoşar bezegli toý dabarasy, joşgunly çykyşlar, aýdym-sazlar, şahyrana setirler her birimiziñ kalbymyzda Garaşsyz watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrdy. Şanly toýuñ keşbinde Gahryman Arkadagymyzyñ: "Garaşsyzlyk milletimiziñ ykbalynyñ göterilmegidir" diýen ganatly sözleriniñ aýdyñ beýanyny görmek bolýar.