Aralarynda bäş asyr wagt bar bolsa-da, bu iki ussady söz sungaty baglanyşdyrýar. Edebiýatymyzyň taryhynda «Kyssaýy Ýusup» poemasy bilen tanalýan, ömrüne degişli juda az maglumatlar saklanyp galan şahyrlaryň biri-de Alydyr. Ol XIII asyrda, takmynan, 1195-1260-njy ýyllarda Köneürgençde ýaşapdyr we kyssaýy «Ýusup Züleýhany» ilkinji gezek türki dilinde poema edip ýazypdyr. Bu poemanyň her setiri on iki bogunly bolup, 4280 töweregi setiri özünde jemleýär.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem Ýusubyň keşbi gözelligiň nyşany hökmünde orta çykýar. Milli şahyrymyz bu kyssa aýratyn söýgi bildirýär we ençeme şygyrlarynda ýüzlenýär. Diňe bir mysal ýa salgylanma hökmünde garaman, oňa bagyşlap aýratyn şygyrlary-da ýazýar. Şahyryň «Arap tilli söwgüdim», «Ýaranlar», «Ýusup diýe-diýe»... ýaly şygyrlary gönüden-göni Ýusup kyssasynyň täsiri esasynda ýazylan eserlerdir.