Nowruzyň taryhy kökleri
Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan türkmen halkynyň taryhy özüniň süňňünde baý medeni mirasymyzyň gymmatlyklaryny saklaýar. Bu medeni mirasymyzyň dowamaty Nowruz baýramynda hem şöhlelendirilip, ol taryhymyzda aýratyn orun eýeleýär. Türkmenleriň — oguzlaryň Nowruz baýramyny belleýişleri özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Ol gadymy döwürlerden bäri alymlardyr şahyrlary, hatda hökümdarlardyr soltanlary hem gyzyklandyrypdyr. Nowruz täze günüň, täze ýylyň, täze durmuşyň we ösüşiň baýramydyr. Bu baýramyň gelmegi bilen ýere ýyly girip, ot-çöpler janlanýar. Gül-gülälekler açylyp, äleme täze günüň gelenini buşlaýar. Nowruz baýramy Orta Aziýa, Kawkaz, Ýakyn Gündogar halklarynda müňýyllyklardan bäri bellenilip gelinýän gadymy baýramlaryň biridir. Ady pars dilinden terjime edeniňde «Täze gün» diýen manyny berýän bu baýram türkmen halkynyň milli mirasyna, däbine-dessuryna siňen we döwlet derejesinde öz ornuny alan şanly seneleriň biridir. Nowruz baýramynyň taryhy Abu Reýhan Birunynyň (XI asyr), Abylkasym Ferdöwsiniň (XI asyr), Omar Haýýamyň (XI-XII asyr), Abdyrahman Jamynyň (XV asyr), Alyşir Nowaýynyň (XV asyr) we beýlekileriň eserlerinde, nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň döredijiliginde, türkmen dessanlarynda, gyz-gelinleriň lälelerinde we monjugatdylarynda, nakyllarda we matallarda, halk yrymlarynda öz beýanyny tapypdyr.