«Ekiniňi ýaş gördüm, duzsuz bişen aş gördüm»

22 Aprel 2024
495

Halk nakyllaryny, matallaryny, atalar sözlerini gowy bilýän okyjylarymyz eýýäm gürrüňiň näme hakyndadygyny aňan bolsalar gerek. Biz semeni hakdaky gürrüňe geçmezden ozal, «Semeni näme üçin duzsuzka?» diýen sowala jogap tapmak üçin munuň bilen bagly halk arasynda ýaýran kyssa ýüzleneliň. Rowaýata görä, Muhammet pygamberiň gyzy Patmanyň agzy bimaza eken. Pygamberimiziň maşgalasy Äşe onuň üçin semeni bişirip başlaýar. Şol wagt bu ýere ýagy çozýar we gaçha-gaçlykda semeni tagama duz atylman galýar. Şondan bäri hem semeni tagamy duz atylman bişirilip gelinýär.

Bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan Diýarymyzda her ýylyň 21-22-nji martynda bellenilýän Nowruz baýramy – gözelligiň, agzybirligiň we dost-doganlygyň baýramydyr. Bu baýramda desterhanlarymyzyň üsti dürli naz-nygmatlardan dolýar, ýedi dürli däneli ekinden ýedi dürli tagam taýýarlanylýar. Nowruzyň esasy tagamlarynyň biri-de ýaňy maýsalan bugdaýdan taýýarlanýan semenidir.

Jemal NURYÝEWA,
«Diýar». Suratlary düşüren awtor.