Berkarar döwletimiziň sene ýazgysy beýik başlangyçlaryň esasynda il-ýurt bähbitli ajaýyp işleriň bitirilmegi, uly üstünlikleriň, ösüşleriň gazanylmagy bilen baýlaşýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde, Diýarymyzda durmuşa ornaşdyrylýan giň möçberli özgertmeler, sebit we dünýä ähmiýetli öňe sürülýän beýik başlangyçlar özüniň mynasyp ornuny tapýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygarynyň netijesinde, agzybir halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli ýokarlanýar. Ylmyň, tehnikanyň gazananlary biziň durmuşymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Olaryň aglabasy energiýa serişdeleri bilen herekete gelýän gurallardyr. Eziz Watanymyzyň energetika syýasaty barha rowaçlanýar. Diýarymyzyň ykdysady taýdan ösmeginde bu pudaga esasy orun degişli bolup durýar. Daşary ýurt bazarlarynda Türkmenistanyň elektrik energiýasyna uly isleg bildirilýär. Häzirki wagtda sebitde gurluşygy batly depginler bilen alnyp barylýan «Türkmenistan – Owganystan – Pakistan» (TOP) ugry boýunça elektrik geçirijisiniň halkara ähmiýeti diýseň uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň gatnaşmagynda Mary Döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde kuwwatlylygy 1574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň, halkalaýyn energoulgamyň, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegi sebitleriň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarly bolmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berdi.
Ýurdumyzda kuwwatly elektroenergetikanyň kemala gelmegini gazanmak, ony döwrebaplaşdyrmak, alnyp barylýan döwlet syýasatynyň maksatlary hem-de wezipeleri bilen baglylykda, ykdysadyýetiň bu pudagynyň köpugurly döwrebap düzümlerini döretmek boýunça amala aşyrylýan yzygiderli çärelere aýratyn üns berilýär. Şeýle-de häzirki wagtda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini giňden ulanmagyň we «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmegiň möhümdigini bellemek bolar. Ýurdumyzda gurulýan döwrebap obalary, şäherçeleri we senagat toplumlaryny elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini, hususan-da, Gün we ýel energiýasyny ulanmak arkaly elektrik energiýasyny öndürmek boýunça innowasion taslamalar işlenip taýýarlanylýar. Bularyň ählisi «ýaşyl» energetikanyň mümkinçiliklerini ulanmak boýunça taslamalaryň uly geljeginiň bardygyna şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini «2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň gurluşygy alnyp barylýar. Bu desga ýurdumyzyň taryhynda ekologiýa taýdan arassa elektrik energiýasyny öndürmäge ukyply «ýaşyl» tehnologiýalary ornaşdyrmagyň başlangyjy bolar. Geljekde bu taslamanyň ulanmaga berilmegi «Altyn asyr» Türkmen kölüniň golaýynda gurulýan döwrebap obany ekologiýa taýdan arassa elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmäge mümkinçilik berer. Bu elektrik stansiýasynyň taslamasy biziň ýokary okuw mekdebimizde hereket edýän «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezi tarapyndan taýýarlanylýar.