Paýtagtymyzda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisine badalga berildi

15 Maý 2024
556

Şu gün 15-nji maýda paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Turkmenistan and Turkmen Food» atly halkara sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik edaralaryň halkara guramalaryň wekilleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bagşy-sazandalaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym-sazly çykyşlar giň gerimli çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.

Dabaranyň başynda Hormatly Prezidentimiziň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlag haty okaldy. Onda Türkmenistan üçin azyk howpsuzlygy ilatyň ýaşaýyş-durmuşynyň ýokary derejesini üpjün edýän, azyk, çig mal babatda daşary söwda gatnaşyklarynyň netijeli ösmegine, importyň ornuny tutýan, eksporta gönükdirilen önümçilikleri artdyrmaga mümkinçilik berýän milli, sebitleýin azyk bazarlarynyň ykdysady baglanyşygyna goldaw bermegiň hem wajyp esaslaryny emele getirýändigi bellenilýär.

«Diýar»