Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, saglygyny goramak, mümkinçiligi çäkli çagalara sagaldyş-dikeldiş kömeginiň ýokary derejeli hyzmatyny ýola goýup, saglyklaryny dikeltmek, howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, alym Arkadagymyzyň, çuňňur paýhasyndan gözbaş alyp gaýdýan, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşini durmuşa ornaşdyrmakda esasy orny eýeleýär. Bu işleri amal etmekde diňe bir türkmen çagalaryna däl, eýsem, dünýä döwletleriniň çagalaryna hem haýyr-sahawat etmekligi baş maksady hasaplaýan Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ähmiýeti juda uludyr. Gaznanyň döredilen gününden bäri geçen gysga döwrüň içinde asyrlara barabar sogap işler amal edildi. Tejribeli we ýaş lukmanlaryň gatnaşmagynda gaznanyň serişdeleriniň hasabyna doga ösüş kemisligi bolan, şikesden soň hereketleri çäklenen we beýleki birnäçe dertlerden ejir çekýän ýüzlerçe çaga dessin we dikeldiş bejergileri geçirilip, olaryň saglyklary dikeldildi. Gaznanyň esaslandyryjysy Gahryman Arkadagymyzyň welaýat hassahanalaryň baryp, bejergi alýan çagalaryň ene-atalary bilen duşuşmagy, çagalary sowgatlar bilen begendirmegi, çaganyň hossarlaryna medet beriji sözleri aýdyp, bagtyýar geljege umyt bermegi, welaýatlaryň etrap hassahanalarynyň çagalar bölümlerine ähli amatlyklary bolan «Tiz kömek» awtoulaglaryny, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine ähli amatlyklary bolan we innowasion zähmete niýetlenilen ýokary derejeli lukmançylyk enjamly dikuçary sowgat bermegi, ýurdumyzyň birnäçe welaýatlarynda bolup, mümkinçiligi çäkli adamlar üçin ýörite gurlan ýaşaýyş jaýlaryny sowgat bermegi, şanly seneler we baýramçylyklar mynasybetli Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň çagalaryna, Aşgabat şäheriniň çagalar öýünde we Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara haýyr-sahawat işleriniň çäklerinde toý sowgatlarynyň yzygiderli berilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu işler Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sogap we ynsanperwer işleriniň alamatydyr.
«Arkadag» medalynyň döredilmegi, gaznanyň döreýşini, alyp barýan işlerini, gazanan üstünliklerini giňden beýan edýän «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly kitabyň neşir edilmegi guwandyryjy ýagdaýdyr. Gysga döwrüň içinde ençeme haýyr-sahawat işini alyp baran bu gazna hemaýata mätäçleriň hakyky medetkäridir. Ýüzlerçe çaganyň bejergiler arkaly sagdyn çagalaryň hataryna goşulmagy diňe bir olaryň ykbalyny kesgitlemek bilen çäklenmän, eýsem, umytsyz ýüreklere ynam bagyş edýär. Şeýlelikde, ilkinji ädimi ätlemek, ýöräp bilmek, ilkinji gezek «eje, kaka» sözlerini aýtmak, ýagty dünýäni görmäge bolan mümkinçilik ýüzlerçe çaganyň ene-atalarynyň buýsançly başyny göge ýetirdi. Biz şeýle bagtyýar pursatlaryň gündelik şaýady bolýandygymyz üçin dünýädäki iň bagtly lukmanlardyrys, iň bagtly adamlardyrys!