Ak bug­daý – 2023-nji ýy­lyň iň go­wy et­ra­by

22 Aprel 2024
495

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby 2023-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriň arasynda durmuş-ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler babatynda iň ýokary netijeleri gazanyp, ýeňiji bolan etrap hökmünde ykrar edildi. Munuň özi täze taryhy döwrümizde hormatly Prezidentimiz tarapyndan badalga alan özgertmeleriň, amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işleriň bu etrapda üstünliklere beslenýändiginiň alamatydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby durmuş, ykdysady we medeni taýdan ýurdumyzyň has depginli ösýän etraplarynyň biridir. Bu etrapda durnukly ykdysady ösüş gazanylýar. Sanly ulgam giňden ornaşdyrylyp, innowasion tehnologiýaly täze önümçilikler döredilýär. Ak mermerli paýtagtymyza golaý ýerleşýän bu etrabyň ösüşleri Änew şäheriniň, beýleki şäherçedir obalarynyň barha özgerýän keşbinde aýdyň beýanyny tapýar. Soňky sanlyja ýylyň dowamynda etrabyň çäginde gurlup ulanmaga berlen durmuş-medeni, önümçilik maksatly desgalaryň, beýleki binalaryň sany onlarçadyr. Täze, döwrebap umumybilim berýän mekdepler, çagalar baglary, saglyk öýleri, «Bagabat» şypahanasy, «Saglyk» binasy, etrap hassahanasynyň durky döwrebaplaşdyrylan we täze gurlan binalary, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Karantin merkezi, «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetiniň binalar toplumy, Weterinariýa bejerişhanasy hem-de öý haýwanlary saklanýan toplum binagärlik keşbi bilen tapawutlanýar.

Aýdo ŞEKEROW,
žurnalist.