Arheologiýa taryh ylmynyň bir şahasydyr. Arheologiýa bu adamzat geçmişiniň taryhyny tapyndy çeşmeleriniň üsti bilen öwrenýän ylymdyr. Arheologlar gazuw-agtaryş işlerinden başga, barlaglary hem geçirýärler. Bu ylmyň alyp barýan işleri netijesinde, ylym üçin gadymy şäherleriň, obalaryň, duralgalaryň, depeleriň üsti açylýar. Tapylan zatlaryň beýany edilýär, senesi, hojalykda ulanylyşy, taýýarlanyş usuly kesgitlenýär.
Bulardan başga-da, Ýer ýüzündäki ummanlardyr deňizleriň, derýalardyr kölleriň suwasty dünýäsi hem adamzadyň ünsüni hemişe özüne çekip gelipdir. Adamzady, köplenç, ondaky diri jandarlar we gizlenip ýatan syrlar gyzyklandyrypdyr. Barlaglaryň netijesinde suwuň astynda gezer ýaly enjam oýlanyp tapylýança, uzak ýyllaryň dowamynda bu soraglar jogapsyz galypdyr. Wagtyň geçmegi bilen suw çeşmeleriniň astynda geçirilen barlaglar örän köp sanly ylmy delilleri getirýär we diri organizmleriň üstüni açýar. Bu açyşlar bolsa, elbetde, suwasty arheologiýanyň döremegi bilen has giň gerime eýe boldy. Suwasty arheologiýanyň kömegi bilen, suwuň aşagynda galan obýektlere baha bermek mümkin boldy.