Ynsanperwerlik, Bitaraplyk, garaşsyzlyk, meýletinlik, ýeke-täklik, köptaraplylyk, tarap çalmazlyk ýaly dünýewi ýörelgelerden ugur alýan Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti ýurdumyzda ýeke-täk özbaşdak jemgyýetçilik guramasydyr.
1926-njy ýyldan bäri hereket edip gelýän Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti adamlaryň janyny we saglygyny goramak, olara durmuş taýdan ýardam etmek, adatdan daşary ýagdaýlaryň netijesinde ejir çeken adamlara kömek bermek, Ženewa konwensiýalaryndan we olara degişli Goşmaça teswirnamalardan gelip çykýan wezipeleri çözmekde hyzmatdaşlyk etmek, halkara ynsanperwerlik hukugyny we Gyzyl Hajyň hem-de Gyzyl Ýarymaýyň Halkara hereketiniň esas goýujy ýörelgelerini wagyz etmek ýaly asylly işleri durmuşa geçirýär.