Magtymguly şa­ýoly

25 Noýabr 2024
221

Mähriban okyjylar! Žurnalymyzyň şu sanynda biz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem-de akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli beýik şahyryň adyny göterýän paýtagtymyzyň iň uly şaýollarynyň biri bolan Magtymguly şaýoly barada gürrüň etmegi makul bildik.

Paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň iň gadymy we esasy ýollarynyň biri bolan Magtymguly şaýoly şu günlerki keşbine gelýänçä, taryhda birnäçe gezek adyny, keşbini üýtgedip gelipdir. Bu şaýoluň Merw adyny göterendigi hem taryhdan bellidir. Sebäbi ol şäheriň bütin içini kesip geçip, Merwe, häzirki Mary welaýatyna alyp barýan ýola birigipdir. Ol irki wagtlarda «Свобода» diýlip atlandyrylyp, şol döwürler bu ady uly şäherleriň, paýtagtlaryň aglabasynyň esasy köçelerine dakmak ýörgünli bolupdyr. Paýtagtyň ýaşaýjylarynyň her birinde şäherde söýüp dynç alýan ýa-da gezelenç edýän ýerleri örän köp. Şaýolda köp sanly medeni ähmiýetli desgalar ýerleşip, onda «Magtymguly» we «Aşgabat» sözleri bar. Köçäniň ugrunda ösýän taryhy ähmiýetli gür baglyklar we paýtagtyň ilkinji suw çüwdürimleri hut şu şaýolda döredi. Beýik Magtymguly Pyragynyň ilkinji heýkeli hem Magtymguly şaýoluna çykýan saýaly seýilgähde oturdyldy.

Dursun TEKÄÝEWA,
žurnalist.