Landşaft binagärliginiň kämil nusgasy

25 Noýabr 2024
229

Köpetdagyň etegindäki gadymy toprakda bina bolan ak mermerli Arkadag şäheri ýurdumyzyň binagärlik buýsanjyna öwrüldi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda bina bolan bu döwrebap şäher milli binagärlik sungatynyň kämil nusgasydyr. Gysga döwrüň içinde bina bolan bu şäheriň binagärlik gurluşy, desgalaryň daşky keşbi taýsyz gözelligi bilen haýrana goýýar.

Arkadag şäheriniň binagärlik gurluşy ylmyň we sungatyň soňky gazananlaryna kybap gelýär. Şäheriň desgalarynyň ýerleşdiriliş taslamasy türkmen binagärliginiň özboluşly ösüşini görkezýär. Esasan-da, bu şäherde landşaft binagärliginiň milli aýratynlyklarynyň ulanylmagy şäheriň gözelligini artdyrýar.

Atabaý ÝAGŞYMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň öwreniji mugallymy.