Nebitçilerimiz ynamy ödeýärler

25 Noýabr 2024
235

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda», şeýle hem bu ulgama degişli döwlet derejesinde kabul edilýän kararlardyr çözgütlerde türkmen topragynyň esasy ýerasty genji-käni – «gara altyny» we «mawy ýangyjy» çykarmagyň hem-de gaýtadan işlemegiň möçberlerini yzygiderli artdyrmak, olary taýýar haryt görnüşinde içerki we daşarky sarp edijilere ýetirmek boýunça uzak möhletli wezipeler anyk kesgitlenilýär. Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyran beýik işlerini hem-de dünýä nusgalyk başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän parasatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oýlanyşykly durmuşa geçirýän täze ýangyç-energetika syýasatynyň möhüm şerti hem ylmyň we tehnikanyň, öňdebaryjy tejribäniň iň soňky gazananlaryna esaslanyp, önümli gatlaklary has netijeli peýdalanmakdan, pudagyň kärhanalaryny toplumlaýyn kämilleşdirmekden, täze, ýokary kuwwatly häzirki zaman önümçilikleri ýola goýmakdan ybaratdyr. Ençeme asyrlaryň goýnunda ynsana ýylylyk we ýagtylyk berýän «gara altynda» dörän ody gudrat saýan ata-babalarymyz nebitiň çykarylyşynyň taryhynda hem ajaýyp sahypalary ýazypdyrlar. Biz bu gün bu ajaýyp sahypalary guýulardan alynýan nebitdir gazy döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň hyzmatynda goýmak, şeýle hem umumadamzat derejesinde bähbitli peýdalanmak arkaly zere beslemegi başarmaly. Munuň üçin bolsa, ilkinji nobatda, täze, geljegi uly bolan uglewodorodly meýdançalary abadanlaşdyrmak, nebitdir gazy gözläp tapmaga gönükdirilen geologiýa-gözleg we burawlaýyş işlerini işjeňleşdirmek, döwrebap tehnologiýalary önümçilige yzygiderli ornaşdyrmak esasy şert bolup durýar. Bu wajyp wezipeleriň toplumlaýyn çözgüdini üpjün etmekde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bitirýän işleri döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýändigi bilen tapawutlanýar.

Öweztagan HAJYTAGANOW,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň dolandyryjysy. Surata düşüren Andreý PAKULOW.