Sy­ýa­hat­çy­ly­gyň tä­sin gör­nü­şi

8 Awgust 2024
234

Häzirki wagtda syýahatçylygyň halkara derejede giň gerime eýe bolýandygyny her ýyl dünýä ýurtlarynyň ýaşaýjylarynyň ýüzlerçesiniň zähmet rugsady döwrüni syýahatçylykda geçirýändikleri bilen baglanyşdyrmak bolar. Halkara syýahatçylyk guramasynyň (UNWTO) berýän maglumatlaryna esaslansak, her ýylda dünýä ýurtlarynyň ýaşaýjylarynyň 1 milliarddan gowragy halkara derejede syýahatçy hökmünde hasaba alynýar. Diýmek, syýahatçylygy depginli ösýän we köplerde uly gyzyklanma döredýän pudak hasaplamak bolar.

Syýahatçylygyň dürli ugurlary bolup, olar dünýä tejribesinde giňden ulanylýar. Şolaryň çalt depginler bilen ösýänleriniň biri hem suw syýahatçylygydyr. Bu syýahatçylyk iň ýaş we täze-täze hyzmatlar bilen özüne çekiji ugur hökmünde hem bellidir. Suw syýahatçylygynyň taryhy ХХ asyryň 20-nji ýyllaryndan başlanýar. Suw syýahatçylygy dynç alşyň suwda ýüzýän gaýyklaryň dürli görnüşlerini (baýdarkalary, katamaranlary we beýleki ýüzüji ulaglary) suwasty ýüzüşlerde ulanmak bilen geçirilýän görnüşidir. Häzir dünýäniň köp ýurtlarynda suw syýahatçylarynyň ulanýan enjamlaryny, egin-eşiklerini, aýakgaplaryny öndürmek boýunça önümçiligiň uly gerim bilen ýola goýulmagy amala aşyrylýar. Bazar gatnaşyklary şertlerinde hyzmatlaryň görnüşleriniň kämilleşmegi hem wajyp hasaplanýar. Sebäbi hyzmatlaryň derejesi näçe ýokary bolsa, olara isleg bildirýänleriň sany yzygiderli artmak bilen bolýar. Biziň ýurdumyzyň çäklerindäki suw howdanlarynda, köllerde, derýalaryň akabalarynda hem gaýykly gezelençleri guramakda ähli mümkinçilikler bar.

Atageldi NEPESOW,
TYA-nyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri.