Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň Gündogar edebiýatynyň taryhyndan oňat habarly bolandygyna, onuň beýik wekillerine uly sarpa goýandygyna şahyryň onlarça goşgusy şaýatlyk edýär. Şahyr ussatlaryň ýoluny tutmagy, olara eýermegi hemişe arzuwlap gezipdir. Onuň: «Kämil tapsaň, goý ýolunda başyňy // Är yzynda gezseň, är dek bolar sen» ýada «Yhlas bile bir kämile gol beren // Ýeter maksadyna ýetmeýen galmaz» ýaly setirleri beýiklere, ussatlara bolan ýokary derejedäki hormatsarpasyndan habar berýär. Şahyryň umumadamzat medeniruhy hazynasyna giren şygyrlarynyň biri bolan «San bolsam» onuň ýürekde beslän arzuwlaryny beýan edýän ajaýyp goşgularynyň biridir. Şahyr bu goşgusynda Abu Sagyt Abulhaýyr, BediguzZaman Ahmet ibn Hüseýni Hemedany, Abulkasym Ferdöwsi, Nyzamy Genjewi, Hafyz Şirazy, Jelaleddin Rumy, Abdyrahman Jamy, Alyşir Nowaýy, Zahyreddin Babyr ýaly edebiýat äleminde özüni tanadan şahyrlaryň atlaryny beýik halypalar hökmünde tutýar. Bu meşhur goşguda Gündogaryň uly söz ussady Omar Haýýamyň ady hem uly hormat bilen ýatlanylýar.
«Horasanyň ymamy», «Hakykatyň subutnamasy» ýaly abraýly lakamlary göteren belli alym we şahyr Omar Haýýamyň doly ady Kyýaseddin Abulfeth Omar ibn Ybrahym Haýýam Nyşapurydyr. Omar Haýýamyň dünýä inen döwri, çagalygy, ýetginjekligi 23 ýyl hökümdarlyk eden seljuk soltany Togrul begiň zamanasyna gabat gelse, ömrüniň ahyrky gojalyk döwürleri 39 ýyl hökümdarlyk eden Soltan Sanjaryň zamanasyna gabat gelýär. Has takygy, Omar Haýýamyň ýaşan ömri Beýik Seljuk türkmen döwletiniň soltanlarynyň hökümdarlyk eden döwürlerine gabat gelýär. 83 ýyl ömür süren Omar Haýýam bu hökümdarlaryň Togrul begden başga hemmesi bilen hem gatnaşyk saklapdyr. Beýik Seljuk türkmen döwleti bolsa Hytaý diwarlaryndan başlap, Müsüre, Kiçi Aziýa, Kawkaza çenli bolan aralygy öz içine almak bilen, syýasatda, ykdysadyýetde we medeniýetde uly ösüşleri başdan geçiripdir. Aýratynam, bu döwürde «Seljuk medeniýeti» adyny alan medeni ösüşler belent derejelere ýetipdir. Ylym, sungat we edebiýat bu döwürlerde has hem gülläp ösüpdir. Seljuk medeniýeti, seljuklaryň edebiýaty, seljuklaryň ylmy diňe bir Gündogarda däl, eýsem bütin dünýädede ykrar edilipdir.