«Ençeler gör, kitap okap»

8 Awgust 2024
522

Magtymgulynyň goşgulary (iňlis dilinde).

Türkmen edebiýatynyň görnükli nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň birnäçe goşgulary iňlis diline terjime edildi. Kitapda şahyryň goşgulary türkmen we iňlis dillerinde deňeşdirme görnüşinde terjime edilip ýazylan. Bu bolsa iňlis dilini öwrenýän ýaşlarymyza uly ýardam berjek kitaplaryň biridigini görkezýär. Neşiriň kömegi bilen, iňlis okyjylary Magtymgulynyň döredijiligi bilen öz ene dilinde tanşyp bilerler. Munuň özi XVIII asyryň görnükli şahyrynyň şygryýetine has gowy düşünmäge we baha bermäge mümkinçilik berýär.