Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy

3 Sentýabr 2024
447

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak we olary düýpli azaltmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Mälim bolşy ýaly, her ýylyň sentýabrynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk çäre giň gerim bilen badalga aldy.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 2-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň guramagynda Halkara okuw-ylmy merkezinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga badalga berilmegi mynasybetli pudagara maslahat geçirildi. 2013-nji ýyldan bäri yzygiderli dowam edip gelýän bu çärede meýilnamalaýyn maslahatlar guralýar, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde sürüjileriň we pyýada ýolagçylaryň sowatlylyk derejesini ýokarlandyrmak boýunça wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Munuň özi bolsa, ýol hereketiniň kadalarynyň doly we dogry berjaý edilmeginde örän uly ähmiýete eýedir.

Kakajan KAKAJANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 5-nji ýyl talyby.