Gahryman Arkadagymyzyň Magtymgulynyň baý edebi mirasyny dünýä ýaýmak üçin edýän aladalary netijesinde şahyryň döredijiligi dünýäniň edebiýaty öwreniş ylmyny bitewüleşdirýär. Magtymgulynyň eserleriniň özboluşly edebi hyzmatdaşlygy döretjekdigine doly ynanýarys.
Magtymgula ylham gökden inenem bolsa, onuň eserleriniň dabany topragyň tagamyny dadyp, soň göge göterildi.
***
Magtymgulynyň «...asal zybanym bar meniň» diýen sözleri onuň bütin Gündogarda çeper dil meselesinde etjek öwrülişiginiň jarnamasydy.
***
Pyragynyň goşgulary garybyň köňlüni deprenmez baýa öwrüp, ýykylan göwne ganat, armanly göwne umyt baglap bilýär. Ynsana göwünlik bermekde Magtymguly ýeke-täkdir.
***
Magtymgulynyň eserlerini on iki süňňi bilen kabul edip bilen adamdan ýamanlyga garaşmasaňam ýalňyşmarsyň.
***
Magtymgulyny Magtymgulynyň dilinde okamak kiçi-girim bagt däl.
***
Ejizräk galamyň setirlerini pytradyp goýberýän özdiýenli, kejir, boýny ýogyn sözler bolýar. Şol başyna gidesi gelip duran sözleriň Magtymgulynyň galamynyň gaşynda mumly ýüplüge öwrülip, gol gowşuryp duruşlaryna haýran galaýmaly.
***
Magtymguly bagtyň suratyny sabryň gerşinde çekipdir.
***
Halkyň ýüreginde dörän umyt şahyryň setirleriniň ýüreginden ynam bolup daman bolsa, halkyň galagoply döwründe dörän kynçylyklar Magtymgulynyň setirleriniň köňlünden gözýaş bolup döküldi.
***
Şahyryň «Bäş ýylda bir kitap eden işimiz» diýen setirlerine has ünsli seretseňiz, sözleriň seresini saýlajak bolup, eseri dury duýga eýlejek bolup, onuň çeken jebriniň, goşgy diýilýän jadyly zada goýan sarpasynyň suratyny görersiňiz.
***
Magtymgulynyň hümmetli setirleriniň arasynda aňyň ikiýan urnup, mejaldan gaçan halaty janyň hezil edýär.
***
Magtymgulynyň okyjylaryna beýemçi gerek däl. Şahyryň setirleri hemme bilen dil tapyşyp bilýär, hiç kimi, hiç zady gözdenem salanok.
***
Magtymguly durmuş bilen edebiýatyň birleşmeli nokadyny «Näme aýtmaly?» we «Nädip aýtmaly?» diýlen ýollaryň kesişýän ýerinde gördi. Ol ynsan ruhunyň isleýän zadyny ynsan kalbynyň isleýşi ýaly edip aýtdy-da, diri durmuş bilen edebiýaty birleşdirdi.
***
Magtymguluda iki sany aşyk gahryman bar. Olaryň biri Ýaradanyň özüne aşyk, beýlekisi Ýaradanyň ýaradanyna. Biz köpräk bu iki gahrymanyň tapawudy hakda pikir edýäris, ýöne şahyryň gahrymanlarynyň ikisine-de aşyklyk ýüküni ýükländigi hakda-da oýlanmagymyz gerek.
***
«Myhman» sözüniň agramyny Magtymguly ýaly düşündiren şahyr ýok. Ol myhmançylygy ynsanyň gözünde, dilinde, bilinde, dyzynda... yzarlap barşyna, adamyň şirin janynyň myhmandygyny tebigatyň gelip-gitmek kanuny esasynda düşündirýär.
***
Magtymguly baýy-garyby, merdi-namardy, gorkagy-batyry, ejizi-güýçlini, nadany-danany, bigaýraty-gaýratlyny... bir ýere, «myhman» diýlen sözüň daşyna üýşürip bilen şahyr.
***
Garry dag, üstünde garry saýýat, elinde ok sypdyrýan garry ýaý, edil alkymynda-da ýaş saýgak. Ine, şu şekil Magtymgulynyň döredijiliginiň içinde adam balasynyň armanly dünýäsiniň suraty bolup görünýär.
***
Magtymgulynyň tutuş bir goşgusynda däl-de, her bir setirinde diýen ýaly aýratyn garşylyk bar. Şahyr Panynyň garşylykdan doly günlerini öz goşgy setirlerine düzen ýaly. Şonuň üçin, «Magtymguly edebiýat bilen durmuşy birleşdirdi» diýýäris.
***
Magtymgulynyň her bir setiri adamzadyň bir gününiň, her bendi bir aýynyň, her eseri bir ýylynyň, tutuş döredijiligi bütin ömrüniň suraty ýaly bolup dur. Diýmek, Panyda ýaşaýyş barka, Magtymgulynyň eserlerem bolar.
***
Erenler «Turgul» diýip, Magtymgulyny oýardylar, Magtymguly «Näge ýatyp sen» diýip, bütin adamzady oýardy.
***
Türkmen şygryýetiniň milli esaslary Magtymgulynyň poeziýasyna esaslanýar.
***
Poeziýadan edilýän düýnki, şu günki, ertirki talaplaryň ählisi Magtymgulynyň eserleriniň jana ýakymlylygynda jemlenipdir.
***
Özüňi tanamak üçin, her wagt Magtymgulynyň eserleriniň öňünde hasabat bermeli.
***
Az sözlülik Magtymguluda akylyň ölçegi derejesine ýetipdir. Şahyr bu ölçegini «Akylly az gürlär, gorkar tilinden», «Aklyň bolsa märekede az sözle» diýen ýaly setirler bilen delillendiripdir.
***
«Magtymgulynyň syrly setirleri» diýmek ýoň boldy. Aslynda, olar biziň düşünmeýän setirlerimizdir. Çyn poeziýada syrsyz setiriň bolmaga haky ýok. Syrsyz setir yssyz gül ýaly bir zat bolmazmy?!
***
Biz heniz Magtymguly Pyragynyň reşaty (halypa-şägirtlik şejeresi) hakda gaty umumy gürrüňiň daşynda aýlanýarys. Aslynda, ylahy ylhamdan ötri dünýäniň syryny etegine dökdürip bilen halypalary ýekän-ýekän öwrenmek Magtymgula golaýlaşmakdyr.
***
Magtymguly geçmişi bilip, şu güni görüp, ertiri duýup ýazdy, şeýdibem, onuň eserleri asyrlara ýan bermez, ölmez-ýitmez hazyna öwrüldi.
***
Magtymgulynyň eserleri edebiýaty öwreniş ylmynyň ölçeg daşlaryna baş bererli däl, bu meselede alymlarymyz türkmen ruhy dünýäsiniň döreden agram daşlaryna daýanmaly bolarlar.
***
Magtymguly «Uçdum, ýaranlar» atly goşgusynda: «Şirin gazal donun biçdim, ýaranlar» diýen halaty dirilik suwundan gandyrylyp, süýji sözüň şiresine ýatyrylan türkmen poeziýasynyň milli donuny biçipdi.