Sag­lygy goraýyş ul­gamy: tä­ze önüm­çi­lik­ler we müm­kin­çi­lik­ler

8 Awgust 2024
185

Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy adamlaryň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda, aýratyn-da, ýurtda raýatlaryň ortaça ömür dowamlylygyny uzaltmagy üpjün etmekde esasy ýol-ýörelgeleri kesgitleýär. Bu günki gün hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy täze derejelere çykarylyp, daşary ýurtlardan getirilýän derman we saglyk maksatly serişdeleriň ýerini tutýan önümleri öz ýurdumyzda öndürmek maksady bilen, giň gerimli işler alnyp barylýar. Täze, döwrebap derman kärhanalarynyň işi ýola goýulýar. Şol kärhanalar öndürýän önümleri bilen diňe bir öz ýurdumyzyň raýatlaryny üpjün etmän, eýsem, olaryň kesgitli bölegini daşary ýurtlara eksport etmek babatda-da degişli işleri alyp barýarlar.

Tebigylyk saglygyň esasy şertleriniň biridir. Ekologik taýdan arassa önümleriň önümçiligi şu babatda möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda bu esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenilip, ýerli çig mallardan önümçiligi ýola goýmak işlerine uly üns berilýär. Türkmen tebigatynyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň çägindäki dag çeşmeleriniň ynsan saglygy üçin ýaramlylygy, bu ýerde ösýän tebigy ösümlikleriň dermanlyk häsiýetlere eýe bolmagy olardan alynýan ekologik taýdan arassa çig mallaryň hil babatda halkara görkezijilere doly laýyk gelmegini üpjün edýär. Olardan degişli önümleriň öndürilmeginiň ýola goýulmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda-da ähmiýetlidir.

Ogulmähri GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory.