Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň saýasynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň umumadamzat gymmatlygy bolan eserleri dolulygyna täzeden öwrenilip başlandy. Bu iş türkmen halky bilen bir hatarda, dünýä jemgyýetçiliginde-de çuňňur gyzyklanma döredýär.
Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň her bir eseriniň aňyrsynda giden many gory ýatyr. Şonuň üçin-de ol eserler müň öwüşgine eýe. Biz şu işimizde şahyryň döredijiliginde ýygy-ýygydan gabat gelýän «ýar» sözüniň asyl manysy hakynda söhbet açmagy makul bildik.