Türkmen türgenleri halkara ýaryşlarynda

8 Awgust 2024
150

Türkmenistan Halkara Olimpiýa Komitetiniň, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzasy bolmak bilen, Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine, ýurt, sebit we dünýä derejesinde onuň ynsanperwer ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşýar. Ýurdumyzyň sport ulgamynda ýeten belent sepgitleriniň hatarynda 2017-nji ýylda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, 2018-nji ýyldaky «Amul — Hazar» halkara awtorallisini, Agyr atletika hem-de Kuraş boýunça dünýä çempionatlaryny görkezmek bolar. Türkmenistanyň gysga taryhy döwürde dünýä we yklym derejesindäki iri ýaryşlaryň geçirilýän merkezine öwrülendigini göz öňünde tutup, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu ýylyň 24-nji maýynda paýtagtymyzda geçirilen nobatdaky mejlisinde Aşgabat «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edildi. Türkmen türgenleriniň abraýly halkara ýaryşlara yzygiderli gatnaşmaklary hem-de üstünlik gazanmaklary Türkmenistanyň sport babatda alyp barýan döwlet syýasatynyň aýdyň miwesidir.

2021-nji ýylda milli sportumyzyň taryhynda täze, şöhratly sahypa açyldy: Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ildeşimiz Polina Gurýewa agyr atletika boýunça kümüş medaly gazanmagy başardy. Bu medal ýurdumyzyň taryhynda ilkinji Olimpiýa medalydyr. Bu ýokary üstünlik türkmen türgenlerini ussatlyklaryny has-da kämilleşdirmäge, halkara ýaryşlarda täze medallary gazanmaga ruhlandyrdy. Türgenlerimiziň soňky ýyllarda geçirilen halkara derejeli iri ýaryşlarda gazanan ýeňişleri olary Pariž şäherinde geçirilen XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlarynda hem üstünlikli çykyş edip, Döwlet baýdagymyzy belentden parlatmaga ruhlandyrdy.

«Diýar».