Türk­me­nis­tan — BMG: ählumumy parahatçylygy nazarlap

8 Awgust 2024
617

Bitarap Türkmenistan deňhukukly we özara bähbitli halkara gatnaşyklary berkitmäge, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýär.
5 — 7-nji iýulda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň ýurdumyza amala aşyran sapary we onuň çäginde geçirilen ýokary derejedäki gepleşiklerdir duşuşyklar milli hem ählumumy bähbitleri nazarlaýan hyzmatdaşlygy ilerletmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bilen hormatly Prezidentimiziň arasynda geçirilen gepleşiklerde Türkmenistanyň amala aşyrýan giň gerimli milli we sebit ähmiýetli taslamalarynyň ähmiýeti, türkmen tarapynyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag-logistika ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmak, howanyň üýtgemegi hem-de daşky gurşawy goramak ýaly bütin adamzada dahylly wajyp meseleleriň çözülmegindäki işjeň orny aýratyn nygtaldy.

Merjen BORJAKOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň hünärmeni.