HABARLAR

Mi­nistr­ler de­re­je­sin­dä­ki mas­la­hat

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 2024-nji ýy­lyň 8-nji no­ýab­ryn­da paý­tag­ty­myz­da­ky «Ýyl­dyz» myh­man­ha­na­syn­da «Mer­ke­zi Azi­ýa­da ra­ýat­syz­ly­gyň so­ňu­na çyk­mak» bo­ýun­ça mi­nistr­ler de­re­je­sin­dä­ki mas­la­hat ge­çi­ril­di.

Döw­let äh­mi­ýet­li tek­lip­ler

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 2024-nji ýy­lyň 1-nji aw­gus­tyn­dan Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi­niň dü­zü­min­de Da­şa­ry sy­ýa­sy ha­bar­lar we san­ly dip­lo­ma­ti­ýa de­par­ta­men­ti işe baş­la­dy. Onuň esa­sy we­zi­pe­si ýur­duň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­ny ama­la aşyr­mak­da hal­ka­ra mag­lu­mat gi­ňiş­li­gin­den has ne­ti­je­li peý­da­lan­mak­dan, Türk­me­nis­tan ba­ra­da dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ha­bar­ly­ly­gy­ny art­dyr­mak­dan yba­rat­dyr. Şu aý­dy­lan­lar göz as­ty­na al­nyp, Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan bir­nä­çe tek­lip taý­ýar­lan­dy.

Eziz diýar parahat

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Türk­men hal­ky­nyň asyl­ly ýö­rel­ge­sin­de pa­ra­hat­çy­lyk tag­ly­ma­ty aý­ra­tyn orun eýe­le­ýär. Şo­nuň üçin hem ýur­du­my­zyň ba­ky Bi­ta­rap­ly­gy ta­ry­hy geç­miş­den göz­baş al­ýar. Hal­ky­my­zyň myh­man­sö­ýer­lik, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk, yn­san­per­wer­lik, öza­ra dü­şü­niş­mek, yla­la­şyk­ly­lyk ýa­ly mil­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry­na da­ýan­ýar. Bu­la­ryň äh­li­si bi­ziň gün­le­ri­mi­ze çen­li sak­la­nyp ga­lan däp-des­sur­la­ry­myz­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar.

Şanly ýylymyzyň diplomatik üstünlikleri

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda gazanylan üstünlikler babatda gürrüň edilende, bu şanly ýylymyzyň ikinji ýarymýyllygynda ýurdumyzyň halkara abraý-mertebesini nobatdaky belent basgançaklara çykaran täze şatlykly habarlar, buýsançly wakalar aňyňda janlanýar. Şunda, esasan-da, Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakynda Şertnama» atly Kararnamanyň kabul edilmegini aýratyn belläp geçmek bolar.

Ha­zar deň­zi — dün­ýä açylan derweze

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Türk­me­nis­tan sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýur­du­dyr. Mäh­ri­ban Wa­ta­ny­myz­da her bir ra­ýa­tyň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si bi­len meş­gul­lan­ma­gy üçin ze­rur şert­ler dö­re­dil­di. Äh­li et­rap­lar­da we şä­her­ler­de sa­gal­dyş meý­dan­ça­la­ry bar. Sport top­lum­la­ry, se­ýil­gäh­ler, de­ňiz ke­na­ryn­da­ky Awa­za­da we we­la­ýat­lar­da­ky şy­pa­ha­na­lar hal­ky­my­zyň hyz­ma­tyn­da bo­lup, hal­ky­my­z sag­ly­gy­ny be­rkid­ýär­ler.

Beýik bagtyň badalgasy

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Bagt di­ýil­ýän dü­şün­je ezel­den yn­sa­ny­ýe­tiň aňyn­da bir be­ýik­lik ha­sap­la­nyl­ýar. Bu ha­ky­kat­da­nam şeý­le. In­kär edip bol­ma­jak ha­ky­kat ýa­ly ol ul­la­kan güýç!

Ahalteke bedewleriniň şöhraty dünýä dolýar

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­la­ry as­tyn­da türk­men ahal­te­ke at­la­ry­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek­li­ge aý­ra­tyn üns ber­lip, türk­men at­çy­lyk pu­da­gy ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne sa­ry ynam­ly ga­dam bas­ýar. Ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň şöh­ra­ty­ny dün­ýä ýaý­mak ug­run­da uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Ba­ryp ir­ki dö­wür­ler­de ahal­te­ke at­la­ry aň­ry­ba­şy gö­zel­li­gi, ok­gun­ly ça­la­syn­ly­gy, ýyn­dam­ly­gy we ýi­ti duý­gur­ly­gy bi­len hal­ka­ra de­re­je­sin­de meş­hur­lyk ga­za­nyp­dyr. Onuň at-ab­ra­ýy at­la­ryň äh­li beý­le­ki to­hum­la­ryn­dan öňe geç­me­gi ba­şa­ryp­dyr. Şo­nuň esa­syn­da wa­tan­sö­ýü­ji­lik duý­gu­la­ry­ny we yn­san­per­wer­lik däp­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­mek­de ahal­te­ke be­dew­le­riň eýe­le­ýän äh­mi­ýe­ti ýü­ze çyk­ýar. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ne «Ahal­te­ke at­çy­lyk sun­ga­ty­nyň we at­la­ry be­ze­mek däp­le­ri­niň» ÝU­NES­KO-nyň adam­z

Sazyň jadylaýjy täsiri

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Adam­zat ta­ry­hyn­da sa­zyň tut­ýan or­ny örän ulu­dyr. Yn­san şat­la­nan­da ýa-da gam­gyn bo­lan­da saz diň­le­ýär. Saz yn­sa­nyň gö­wün syr­da­şy diý­sek hem ýer­lik­li bo­lar. He­niz ene­si­niň göw­re­sin­de­kä, ça­ga daş-tö­we­rek­dä­ki bo­lup geç­ýän zat­la­ryň tä­si­ri­ni duý­ýar, sa­zyň owa­zy­ny eşid­ýär. Saz ça­ga­ny ra­hat­lan­dyr­ýar, onuň fi­zi­ki we akyl taý­dan ös­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. Saz öz­bo­luş­ly be­je­riş usul ha­sap­lan­ýar.

Mak­sa­da ok­gun­ly­lyk —iň uly üs­tün­lik

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 El­bet­de, adam her bir zat­da ne­ti­je ga­zan­mak üçin il­kin­ji no­bat­da öňün­de mak­sat goý­ma­ly. Biz tür­gen­ler hem spor­tuň is­len­dik ug­ry bo­ýun­ça kä­mil­li­giň ýo­ka­ry de­re­je­le­ri­ne ýet­mek üçin bi­li­mi­zi berk gu­şap, öm­rü­mi­zi spor­ta ba­gyş et­me­li. Sport­da ga­za­nan ýeň­şiň döw­le­tiň ab­ra­ýy, onuň şan-şöh­ra­ty. Şol wagt eli­ňi ýü­re­giň üs­tü­ne go­ýup, onuň buý­sanç­ly ur­gu­la­ry­ny du­ýup döw­let se­na­sy­ny hy­juw bi­len ses­le­nip aýt­mak, göz­le­ri­ňi dün­ýä­niň iň aja­ýyp pur­sat­la­ry­ny syn­lan dek ýa­şyl tu­gu­my­zyň beý­le­ki baý­dak­lar­dan ýo­kar­da du­rup gö­te­ril­ýän­di­gi­ni gör­mek­den, me­ge­rem baş­ga üs­tün­li­gi bol­maz. Mun­dan şeý­le ne­ti­je çy­kar­ma­ly: mak­sa­da ok­gun­ly­lyk — iň uly ýeň­şiň. Se­bä­bi gel­je­ge bo­lan yna­myň bol­ma­sa, tür­gen özü­niň ejiz ta­rap­la­ry­ny äş­gär ed­ýär. Sport are­na­sy­na çy­ka­ny­myz­da gar­şy­da­şy­myz­dan üs­tün çyk­mak üçin özüň­de «Men hök­man ýeň­me­li, se­bä­bi me­niň ýe­ňiş ga­zan­mak­ly­gy­ma ga­raş­ýan­lar bar. Men ola­ryň ta­ma­sy­ny hök­man

Dün­ýäniň ähli ene­-atalaryny oýa ba­ty­ran mek­dep mü­di­ri­niň ha­ty

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Sin­ga­pur­da­ky mek­dep mü­di­ri okuw­çy­la­ryň ata-ene­le­ri­ne äh­li in­ter­net ula­ny­jy­la­ry­ny oý­lan­dyr­ýan hat ýol­la­dy. On­da ýol­baş­çy, hat-da, öz di­ýen­li ata-enä­niň kal­by­na ýol ta­pyp bil­jek örän mö­hüm ha­ky­kat­la­ry be­ýan edip­dir. All Sin­ga­po­re Stuff ne­şi­ri ana, şol ha­ty hö­dür­le­ýär.