Ýangyn howpsuzlygy: seresaplylygy elden bermäliň!

16 sagat öň
19

Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde ýaşaýyş jaýlarynda, edara binalarynda elektrik we gaz bilen işleýän enjamlar has işjeň ulanylýar. Şunda ýangyn hadysalarynyň ýüze çykmazlygy üçin ýangyn howpsuzlyk düzgünleri berk hem gyşarnyksyz berjaý edilmelidir.

Ýangyn hadysalary ýygy-ýygydan gysga utgaşmadan, elektrik enjamlarynyň aşa gyzmagyndan, olara aşa agram düşmeginden, birikdirilen ýerleriniň uly geçiş garşylygyndan ýüze çykýar. Ýangyny döredýän gysga utgaşmalaryň ýarysyndan köpüsi ýaşaýyş jaýlarynda bolup geçýär. Gysga utgaşma has köp sezewar bolýan jaýlaryň içindäki elektrik geçirijilerdir. Olarda gysga utgaşma tok geçiriji bölekleriniň daşky örtüginiň tehniki ýa-da mehaniki zeper ýetmeleri, könelmegi, çygyňdyr daşky gurşawyň täsir etmegi, şonuň ýaly-da, adamlaryň ýalňyş hereketleri sebäpli döräp bilýär. Gysga utgaşma dörände toguň güýji ýokarlanyp, bölünip çykýan ýylylygyň derejesi has-da artýar. Mysal üçin, gysga utgaşmada tok 20 esse artýan bolsa, şonda bölünip çykýan ýylylyk 400 esse ýokarlanýar.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň wagyz-nesihat bölümi.