Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Esenguly etrap birleşmesiniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda etrapdaky 9-njy orta mekdepde etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalarynyň, ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda ýaşlaryň ahlak arassalygyny, olaryň zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmak maksady bilen, «Türkmen jemgyýeti öz geljegini ynamly gurýar» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Onda çykyş edenler ýurdumyzda sagdyn, ruhubelent ýaşlaryň kemala gelmegi, ylym-bilim almagy, hünär öwrenmegi, zähmet çekip, zehin-başarnygyny ýüze çykarmagy üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilýändigini nygtap, ýaşlaryň hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýörelgesi, edep-terbiýe bilen bagly sargytlaryna hemişe wepaly bolmalydyklaryna ünsi çekdiler. Çärä gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.