HABARLAR

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

Üstünlige beslediler Bäherden tikin fabriginiň agzybir işçi-hünärmenleriniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny guwandyryjy üstünliklere beslemek ugrundaky tagallalary ýerine düşdi. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň agzalan öňdebaryjy kärhanasynda şanly ýylyň geçen on bir aýynda alnyp barlan önümçilik işleriniň görkezijileri hem şaýatlyk edýär. Has anyk aýtsak, gürrüňi edilýän kärhanada şu ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda 15 million manatlyga golaý tikin önümleri öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu babatda 108 göterim ösüş üpjün edildi. Şeýlelikde, kärhanada önüm öndürmek boýunça ýyllyk meýilnama 125 göterim ýerine ýetirildi.

Hoz bagynyň bagbanlary

Güýz tumşugyny göge tutup, aýazyň ysyny getirip ugranda, giç bişip ýetişýän dal-daragtlaryň hasyly ýygnalyp başlanypdy. Ýurdumyzda güýzki bag ekmek möwsümi gyzgalaňly dowan edýärdi. Hanhajykga, ýaňyrak ekilen nahallaryň baldajyklary hakyt gyzylinjigiň aýagy dek bolup, gyzaryp otyr. «Dünýä görki — täze nahal» diýleni. Il deňinde biz hem iki düýp hoz nahalyny oturtdyk. Güýz oturdylan nahal ýaza çenli gowy uýgunlaşyp, gyşy bilen yzgary, idegi ýetensoň, ir baharda janlanyp ugraýar. Her kim bir zadyň yşkyna düşýär. Meniň pikir-oýum miwesini göterip bilmän ýegşerip oturan hoz baglarynda. Hudaýa şükür, altyn topragymyz bar, kesewini dürtseňem gögerjek. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde hoz agajyny ýetişdirip, bol hasyl alýan başarjaň bagbanlarymyzdan hem dilgir bolar ýaly däl. Olaryň ýetişdiren baglaryny synlap, geň galmakdan ýaňa başyňy kaýyllyk bilen ýaýkap goýbereniňi duýman galýarsyň. Il içinde: «Hem hoz gerek, hem hozuň mürrügi» diýilýär. Bu durnukly söz düzümi nämedir bir zadyň gowudan-gowusyny islemegi aňladýar. Eýsem, hozuň mürrügi bolanda näme bolýarka?!

Yhlasa — myrat

Türkmeniň sahawatly topragy bar. Ol idegini kemsiz ýetirip, yhlas bilen hyzmat edene berekedini eçilip, bagtly durmuşa ýetirýär. Munuň şeýledigine biz maňlaý derini döküp, ene ýerden ýylyň-ýylyna bol hasyl almagy başarýan ildeşlerimiziň mysalynda hem göz ýetirýäris. Şolaryň biri hem 1991-nji ýyldan bäri ene topraga hyzmat edip, bugdaýdyr gowaçadan bol hasyl alyp gelýän Köýtendag etrabynyň Ters geňeşliginiň ýaşaýjysy Enargül Ersaryýewadyr. Ol 2021-nji ýylda geňeşligiň çäginde 99,17 gektar ýeri uzakmöhletleýin kärendesine aldy. Daýhan zenan ilkinji ýyl ýeriniň 42 gektaryna bugdaý, 42 gektaryna gowaça, galan bölegine-de şalydyr mäş ekdi. Ekinleriň idegini kem etmedi. Ýeterlik mukdarda ýerli we mineral dökünleri berdi. Yzygiderli suwdan gandyrdy. Çekilen zähmet ýerine-de düşdi. Ene toprak bol hasyl eçildi. Enargül şol ýyl döwlete 72,7 tonna derek 98 tonnadan geçirip, azyklyk däne tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen berjaý etdi. Ol şol ýyl gowaçadan hem meýilnamada görkezilen 75,6 tonna derek 105 tonnadan aşyryp, ýokary hasyl almagyň hötdesinden geldi. Şalydyr mäş ýaly ekinleriniň hasyly hem ýokary boldy. Ýeri gelende aýtsak, kärendeçiniň oba hojalyk ekinlerini ekip, önümçilik baradaky meýilnamalaryny berjaý etmedik ýyly ýok.

Rowaçlyklaryň binýady berkidilýär

Täze ýylyň öňüsyrasynda tamamlanyp barýan ýylyň bize nämeleri bagyş edendigine göz aýlamak, gazananlarymyzy ölçerläp, geljege belent maksatlary tutunmak örän ýakymly. Ildeşlerimiziň saçaklaryndaky bolçulykdan, ýüz-gözlerindäki şatlykdan çen tutubam, hoşlaşyp barýan ýylymyzda garaşylýan tamalaryň, arzuwlaryň hasyl bolandygyny bilip bolýar. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şowly gadamlaryň buýsançly ýazgylaryny galdyrdy. Bu ýylda oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça meýilleşdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmek, obasenagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýeriň hasyl berijiligini artdyrmak, azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, täze önümçilikleri döretmek, ildeşlerimiziň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak ýaly möhüm ugurlarda edilen işler has-da göze görnümlidir. Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň parasatly ýöredýän syýasatlarynyň netijesinde welaýatymyzyň esasy pudaklarynyň biri hasaplanylýan oba hojalygynda häzirki wagtda kuwwatly önümçilik binýady emele geldi. Bu ýagdaý oba hojalyk ekinlerinden ýeterli hasyl ýygnalmagy üçin amatly şertleri üpjün edýär. Şu ýyl bugdaý, şaly we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinlerinden meýilleşdirilen hasyl artygy bilen ýygnaldy. Welaýatymyz

Oba hojalygy: gyş-meýdan işleri

Guramaçylykly barýar Şu günler ekerançylyk ýerlerinde gyş-meýdan işleri gyzgalaňly dowam edýär. Gallaçylar kadaly boý alýan ak ekine ideg etseler, şugundyrçy kärendeçiler ýetişdirilen hasyly ýygnamak bilen meşgul bolýarlar. Şeýle-de, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna görä, toprak bejergisiniň özeni bolan sürüm işleri utgaşykly dowam etdirilýär.

Gant şugundyry ýygylýar

Yhlasly zähmetiň höziri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen bir hatarda oba hojalyk ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiz her gektar ýeriň düşewüntliligini artdyrmak, hasyllylygyny ýokarlandyrmak, bir ýylda ýerden iki hasyl almagyň hasabyna öndürilýän önümleriň mukdaryny köpeltmek babatynda ähli mümkinçilikleri döredip berýär. Döredilýän şertlerden ýerlikli peýdalanýan önüm öndürijiler gowaçadyr bugdaýyň, gant şugundyrynyň bol hasylyny ýetişdirmäge çalyşýarlar. Welaýatymyzyň zähmetsöýer kärendeçileri şu günler bugdaýdan boşan meýdana ekilip, bol hasyly ýetişdirilen gant şugundyryny ýygnamak bilen meşgullanýarlar.

Gymmatly hem dermanlyk ösümlik

Zeýtun müň bir derdiň dermany hasaplanylýar. Bu ösümlik gadymy döwürlerden bäri ekilip gelinýär. Taryhy maglumatlara salgylanyp aýdanymyzda, ol irki döwürlerden bäri mukaddesligiň, berekediň, parahatçylygyň, asudalygyň nyşany hasaplanypdyr. Onuň miwesinde adam üçin peýdaly maddalar saklanýar. Ynsan bedenine ýokumlylygy bilen tapawutlanýan zeýtun ýagy hem peýdaly bolup, halk lukmançylygynda ulanylýar. Gadymy greklerde zeýtundan alynýan ýaga «garramazlygyň dermany» diýlipdir. Zeýtun agajy subtropiki howa şertlerinde ösmegi halaýar. Ol welaýatymyzyň Magtymguly, Etrek etraplarynda ösdürilip ýetişdirilýär. Mydam gök öwsüp oturan zeýtun agajy agrotehniki talaplara laýyk ideg edilende, köp hasyl bermäge ukyplydyr. Özi-de uzak ýaşaýan agaçlaryň biridir.

Baýramçylyk saçagyna

Gojaman Köpetdagy etekläp oturan Garrykäriz obasynda ýaşaýan Garajaýewleriň zähmetsöýer maşgalasy diňe bir obada däl, eýsem, Gökdepe etrabynda hem limonçylar maşgalasy hökmünde tanalýar. Maşgalada limonariýa ýyladyşhanasynyň 3-si bar. Olaryň her birinde limon agajynyň 40 düýbi ýetişýär. Bu melhemlik ösümligi ýetişdirmekde häzir dynç alyşda ýören Perzaly aganyň özi ogullary Baba, Mergene halypalyk maslahatlaryny berip, görelde bolup gelýär. — Maşgala ýyladyşhanamyzda ýetişdirýän limonlarymyza ak bazarlarymyzda isleg hemişe uly. Ynsan saglygy üçin tenekar bolan limon önümlerimizi ilatymyzyň baýramçylyk saçagynda görmek uly bagt. Bu azyk bolçulygyna-da goşant. Limon hasyly şu ýyl hem bereketli boldy. Boýuna, ýaşyna görä, limon agajy her düýpden 200-den 300-e çenli, uşak görnüşi 500-e çenli hasyl berýär — diýip, bu iş bilen ýigrimi ýyl bäri meşgullanyp gelýän zähmetsöýer ýigit Mergen Garajaýew gürrüň berdi.

Daýhan ýigidiň göreldesi

Ömrüni oba hojalyk işlerinde işläp, uzak ýyllaryň dowamynda çeken önjeýli zähmetinden bagt tapan zähmet adamlarynyň waspy dilden-dile geçip, olaryň atlaryna öwgüli sözler aýdylýar. Şeýle zähmetsöýer adamlaryň biri-de Tejen etrabynyň Bitaraplyk geňeşliginde ýaşap, 40 ýyldan gowrak ene topraga bagry badaşyp, uly abraýyň eýesi bolan Agabaý Ýaýlymowdyr. Ol ir döwürlerde Tejen etrabynyň ozalky «Gowkyzereň» daýhan birleşiginde pagtaçylyk toparyna ýolbaşçylyk edip, ýerden ýokary hasyl almak bilen özüni zähmetsöýer daýhanlaryň hatarynda görkezmegi başarypdy. Ogly Gurbanmyrat hem oba ýaşaýjysy bolmak bilen, kesp-kärini tehnika baglady. Maşgalada kemala gelen çagalar Agabaý aganyň pentlerine uýup, köpüň içinde sylag-hormata mynasyp adamlaryň hatarynda tanalýarlar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tamamlanyp barýan ajaýyp günlerinde biz tejribeli daýhanyň kesbini ýöredip, täze hasylyň düýbüni mäkäm tutmak aladasynda yhlasly zähmet çekýän daýhan ýigit Baýramaly Agabaýew bilen ekin meýdanynda duşuşyp, onuň bilen söhbetdeş bolduk.

Rowaçlyklaryň aýdyň ýoly

Ýurdumyzda ösüş-özgertmelere beslenen döwrümiziň her bir ýyly şöhratly sahypalar bolup taryha girýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uludan dabaralandyrylan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalarynyň hem taryha altyn harplar bilen ýazyljakdygy şübhesizdir. Tamamlanyp barýan ýylda ýurdumyzyň beýleki ugurlarynda bolşy ýaly, agrosenagat toplumynda-da belent sepgitlere ýetildi. Gallaçy daýhanlarymyzyň, gök-bakja ekerançylarymyzyň, bagbanlarymyzyň, maldarlarymyzyň çeken yhlasly zähmeti, ýüpekçilerimiziň gazanan üstünligi öwgüli sözlere mynasypdyr. Ýurdumyzyň ussat gallaçylary şu ýyl Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Bu belent sepgit Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ýurdumyzyň gallaçy daýhanlaryna, önüm öndürijilerine hemmetaraplaýyn berilýän goldawlaryň, satyn alnyp berilýän ýokary öndürijilikli häzirki zaman tehnikalary, şeýle-de ýokary hilli tohumlar we mineral dökünler bilen üpjünçiliginiň oňyn netijesidir.