Rowaçlyklaryň aýdyň ýoly

17 Dekabr 2024
85

Ýurdumyzda ösüş-özgertmelere beslenen döwrümiziň her bir ýyly şöhratly sahypalar bolup taryha girýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uludan dabaralandyrylan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalarynyň hem taryha altyn harplar bilen ýazyljakdygy şübhesizdir. Tamamlanyp barýan ýylda ýurdumyzyň beýleki ugurlarynda bolşy ýaly, agrosenagat toplumynda-da belent sepgitlere ýetildi.

Gallaçy daýhanlarymyzyň, gök-bakja ekerançylarymyzyň, bagbanlarymyzyň, maldarlarymyzyň çeken yhlasly zähmeti, ýüpekçilerimiziň gazanan üstünligi öwgüli sözlere mynasypdyr. Ýurdumyzyň ussat gallaçylary şu ýyl Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Bu belent sepgit Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ýurdumyzyň gallaçy daýhanlaryna, önüm öndürijilerine hemmetaraplaýyn berilýän goldawlaryň, satyn alnyp berilýän ýokary öndürijilikli häzirki zaman tehnikalary, şeýle-de ýokary hilli tohumlar we mineral dökünler bilen üpjünçiliginiň oňyn netijesidir.

Güljan NURMÄMMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.