Daýhan ýigidiň göreldesi

17 Dekabr 2024
95

Ömrüni oba hojalyk işlerinde işläp, uzak ýyllaryň dowamynda çeken önjeýli zähmetinden bagt tapan zähmet adamlarynyň waspy dilden-dile geçip, olaryň atlaryna öwgüli sözler aýdylýar. Şeýle zähmetsöýer adamlaryň biri-de Tejen etrabynyň Bitaraplyk geňeşliginde ýaşap, 40 ýyldan gowrak ene topraga bagry badaşyp, uly abraýyň eýesi bolan Agabaý Ýaýlymowdyr.

Ol ir döwürlerde Tejen etrabynyň ozalky «Gowkyzereň» daýhan birleşiginde pagtaçylyk toparyna ýolbaşçylyk edip, ýerden ýokary hasyl almak bilen özüni zähmetsöýer daýhanlaryň hatarynda görkezmegi başarypdy. Ogly Gurbanmyrat hem oba ýaşaýjysy bolmak bilen, kesp-kärini tehnika baglady. Maşgalada kemala gelen çagalar Agabaý aganyň pentlerine uýup, köpüň içinde sylag-hormata mynasyp adamlaryň hatarynda tanalýarlar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tamamlanyp barýan ajaýyp günlerinde biz tejribeli daýhanyň kesbini ýöredip, täze hasylyň düýbüni mäkäm tutmak aladasynda yhlasly zähmet çekýän daýhan ýigit Baýramaly Agabaýew bilen ekin meýdanynda duşuşyp, onuň bilen söhbetdeş bolduk.

Akmyrat MÜRZÄÝEW,
žurnalist. SURATDA: daýhan Baýramaly Agabaýew maýsaly meýdanda. Surata düşüren awtor.