HABARLAR

Ýurdumyzda noýabr-dekabr aýlary üçin zähmet haklary doly derejede tölendi

Geçen hepde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow çykyş edip, 6-njy dekabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyrygyna laýyklykda, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, edara-kärhanalaryň ähli işgärlerine noýabr-dekabr aýlary üçin zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň 20-nji dekabra çenli doly tölenendigi barada hasabat berdi.

Sanly bank ulgamy halkyň hyzmatynda

Türkmenistanyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýasynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ygtybarly milli bank ulgamynyň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu wezipäni çözmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi, çünki karz edaralarynyň işiniň döwrüň talaplaryna laýyklykda guralmagy milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny, innowasion ösüşini, onuň ählumumy ykdysady gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagyny üpjün etmäge goşant goşýar. «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň», «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» we beýleki maksatnamalaryň kabul edilmegi hem-de durmuşa geçirilmegi bu ugurda anyk netijeleri gazanmakda möhüm ädim boldy. Bu resminamalary durmuşa geçirmek üçin kesgitlenen çärelere laýyklykda, häzirki wagtda ýurdumyzda banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ykdysadyýetiň pudaklaryna bölünip berilýän karz serişdeleriniň möçberini artdyrmak, bank-maliýe hasabatlaryny halkara standartlara laýyk getirmek, degişli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek mak

«Mawy ýangyç» bökdençsiz ugradylýar

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli energetika syýasaty esasynda döwletimiziň gazçylary ýurdumyzda tebigy gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak, öndürilýän «mawy ýangyjyň» içerki hem daşarky sarp edijilere bökdençsiz, ygtybarly akdyrylmagyny üpjün etmek üçin tutanýerli zähmet çekýärler. Döwletimiz tarapyndan «Türkmengaz» döwlet konserniniň gazçylarynyň öňlerinde goýulýan bu möhüm wezipäniň üstünlikli berjaý edilmegine «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň iň iri önümçilik düzümleriniň biri bolan «Şatlyk» gaz gysyjy desgasynyň hünärmenleridir işçilerem öz mynasyp goşandyny goşýarlar.

Baýlyk gory artdyrylýar

Gymmatly tebigy baýlygymyzy gazyp almak bilen birlikde onuň gorlarynyň üstüni doldurmak işleri üstünlikli dowam edýär. Bu möhüm işe ruhubelentlik bilen gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýanlaryň hatarynda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň başarjaň hünärmenleri hem bar. Baýlyk agtaryjylaryň iş gerimi örän giň. Olar ýurdumyzyň günbatar sebitinde hem gözleg-buraw işlerini üstünlikli alyp barýarlar. Ýeriň çuňluklaryny burawlap, baýlygymyza baýlyk goşýanlaryň bir toparyna Magtym Mahmudow başarjaňlyk bilen ýolbaşçylyk edýär. — Golaýda Goturdepe käninde 1 müň 907-nji gözleg guýusyny burawlamagy üstünlikli tamamladyk. Şonda agzybir işgärlerimiz tarapyndan 3 müň 975 metr çuňluk burawlandy. Häzirki günlerde degişli hünärmenler işleriň tamamlaýjy tapgyryny ýerine ýetirýärler. Biz bu guýudan hem çig nebitiň senagat akymynyň alynmagyna garaşýarys — diýip, buraw ussasy Magtym Mahmudow gürrüň berýär.

Nah ýüplükler öndürilýär

Ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde bolşy ýaly, Gyzylarbat etrabynda hem medeniýeti ösdürmek, medeni mirasy gorap saklamak, milli gymmatlyklarymyzy täzeden dikeltmek ugrunda asylly işler durmuşa geçirilýär. Milliligimizi öwrenmekde, onuň taryhy köklerini yzarlap, täsin syrlaryny açmakda, şeýle-de dürli önümleriň gönezligi bolan nah ýüplükleriň hilini has-da gowulandyrmakda balkanly dokmaçylaryň goşandy uludyr. Muňa mysal hökmünde, Gyzylarbat etrabynda ýerleşýän «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini görkezmek bolar. Kärhanada 570-den gowrak adam zähmet çekip, onda şu ýylyň 10 aýynda öndürilen önümiň mukdary 3625 tonna barabar boldy. «Balkandokma» kärhanasy iri önümçilik desgalarynyň biri bolup, esasy çig mal bolan pagta süýüminden dürli görnüşdäki nah ýüplükleri öndürýär. Olar içerki we daşarky bazarlara satuwa çykarylýar.

Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň Howa kodeksiniň 71-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri meýilleşdirmek we amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy.

Ýanwar-noýabr: Türkmenistan bilen Özbegistanyň ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $1,075 milliarddan geçdi

2024-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 1,075 milliard ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hasabatynda maglumat berildi. Hasabat döwründe Özbegistan Türkmenistandan 964,9 million ABŞ dollaryna deň bolan önümi import etdi. Degişli döwürde ýurduň Türkmenistana eksporty 110,4 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Hytaý emeli adada iň iri howa menzili gurmakçy

Hytaý dünýäde emeli adadaky iň uly howa menzilini gurar. Taslamanyň bahasy 4,3 mlrd dollar diýip, «South China Morning Post» gazetine salgylanýan «Belta.by» portaly ýazýar. Menzil demirgazyk-gündogardaky Dalýan şäherinde gurlar, ol köp adamly port şäher bolmak bilen, Ýaponiýa we Koreýa Respublikasy bilen berk ykdysady gatnaşyklara eýedir.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň hem-de Owganystanyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Serbiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri guradylan buýan köküni we buýan köküniň baldagyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 320 müň dollaryna deň boldy.

Ýurdumyzyň beýik ösüşleri

Ýurdumyzda her bir ýylymyz, her bir günümiz uly üstünliklere beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem ösüşli ýyllaryň biridir. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň üstünlikli ösdürilmegi, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulandyrylmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şonuň bilen bir hatarda ýurtda daşary söwdanyň, döwletara ykdysady hyzmatdaşlygynyň gerimini has-da giňeltmek boýunça düýpli işler durmuşa geçirildi. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ösdürmek, ylmy taýdan esaslandyrylan işleri sazlaşykly ýola goýmak boýunça ägirt uly işler durmuşa ornaşdyryldy. Aýratyn hem, ylmy-tehniki innowasion ösüşlere, öňdebaryjy işläp taýýarlamalar tejribelerine uly ähmiýet berilýär. Bu beýik işleriň ählisi halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyna, abadan durmuşyna gönükdirilendir. Häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Täze maksatnamada ykdysadyýetiň ähli ugurlary aýdyň beýan edilýär, möhüm maksatlar ýola goýulýar. Berkarar Watanymyzda gazanylýan uly üstünlikler, ýetilýän täze sepgitler hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň, durmuşa geçirilýän belent maksatlaryň rowaçlanýandygyny görkezd