HABARLAR

Halk paýhasynda — bürgüt ruhy

Ata-babalarymyzyň tebigata, guşlara yzygiderli gözegçiliginiň netijesinde, halk paýhasynyň gönezliginde olar bilen bagly ençeme düşünjeler jemlenipdir. Taryhy tapyndylarda guşlar, köplenç, ganatlaryny ýaýyp duran ýa-da ýygran görnüşinde şekillendirilipdir. Bu guşlaryň zoologik görnüşini anyklamak mümkin däl diýen ýalydyr. Käteler olar bürgüde ýa-da elguşa, käteler bolsa tawusa ýa-da kepderä çalym edýär. Pederlerimiziň awa salynýan elguş, bürgüt bilen baglanyşykly ruhy ýörelgeleriniň bolandygyny taryhy maglumatlar görkezýär. Elguş Oguz hanyň ýöriş çadyrynyň bezegi bolupdyr. Oguz hanyň öz nebereleriniň güýç-gaýratyna, akyl-paýhasyna, ukyp-üşügine garap, aw guşlarynyň hersini tagma-bellik hökmünde nesillerine berendigi barada «Oguznamalarda» we käbir çeşmelerde ýatlanylýar. Bu barada «Oguznamada» şeýle diýilýär: «Oguz han ogullaryny iki tarapynda oturdyp, sag tarapynda altyn tutawaçly baýdak dikip, depesinde altyn bürgüt, çep tarapynda bolsa kümüş tutawaçly baýdak dikip, kümüş laçyn oturdypdyr». Oguz hanyň tugunda iki kelleli bürgüdiň şekili bolupdyr we ol döwlet tugy hasaplanypdyr. Bu barada Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň diwany» atly meşhur eserinde hem ýatlanylýar. Parfiýa gylyçlarynyň saplarynda, köplenç, bürgüt kelleleri bolupdyr.

Meşhur sugunlar (Sizi bular gyzyklandyrýarmy?)

Täze ýylyň iň ýakymly aýratynlyklarynyň biri-de Aýazbabanyň meşhur sugunlarydyr. Garpamygyň, arçanyň bu baýramyň esasy nyşanlary bolşy ýaly, Aýazbabanyň sugunlary hem baýramyň esasy gahrymanlarydyr. Sugunlary Täze ýyl baýramy bilen baglanyşdyrmak hakdaky pikirler ilkinji gezek amerikan şahyry Klark Muruň goşgusyndan soňra peýda bolýar. Goşguda Aýazbabanyň sekiz sany jadyly sugunda uçup, çagalara sowgat paýlaýşy hakda beýan edilýär. Şunlukda, bu sugunlar Täze ýylyň söýgüli gahrymanlary hökmünde tanaldy. Şondan soňra olara mahsus häsiýetler we atlar dürli eserlerde beýan edilip başlandy.

Jikjikiler — saýrak guşjagazlar

Behişdi Diýarymyzyň baý haýwanat dünýäsiniň täsin wekilleriniň biri-de jikjikilerdir. Serçeler toparyndan bolan bu kiçijik guşjagazlar, dünýäniň köp ýurtlarynda duşýarlar. Olar ýurdumyza bahar aýynda uçup gelip, sentýabr — oktýabr aýlarynda ýyly ülkelere göçüp gidýärler. Biziň ýurdumyzda bu guşjagazlaryň birnäçe görnüşi duş gelýär. Jikjikiler halk döredijiliginde-de, ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserlerinde-de özüniň çeper beýanyny tapypdyr. Olar örän hereketjeň bolup, yzyny üzmän saýraýarlar. Bu häsiýet olaryň erkeklerine has mahsusdyr. Şol sebäpli köp gepleýän hem-de bir ýerde dek oturyp bilmeýän adamlary, köplenç, olara meňzedýärler. Bu guşlaryň göwreleriniň uzynlygy 11-den 13 santimetre, ganatlarynyň gerimi 17-den 22 santimetre, agramlary bolsa 8-den 11 grama çenlidir. Olaryň kelte guýruklary, uzyn aýaklary, inçe çüňkleri bolýar. Jikjikileriň garynlarynyň aşagy açyk reňkli, beýleki ýerleriniň aglaba bölegi sary, ýaşyl ýa-da goňur reňkli bolýar. Aziýada ýaşaýan bu guşlaryň käbir görnüşleriniň guýruklarynyň we ganatlarynyň gyralary we gözleriniň aşaklary açyk reňkli bolýar.

Biler bolsaňyz...

Süýdemdirijileriň gany gyzyl, mör-möjekleriňki sary, leňňejiňki bolsa mawy reňkli bolýar. * * *

Suwiti

Ýurdumyzyň haýwanat dünýäsinde goralmaga degişli, ýitip barýan, azalýan ýa-da seýrek görnüşlerinden başga-da az öwrenilen, ýöne sany azalýan we ýaýrawy daralýan görnüşler hem bar. Milli baýlygymyz bolan şol haýwanlary gorag astyna almak we ylmy taýdan öwrenmek işleri ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle işler suwiti babatynda hem alnyp barylýar. Biziň muzeýimiziň tebigat zalynda Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň uly diorammasynda bu ýerde mesgen tutan janly-jandarlar barada dürli maglumatlar berilýär. Şolaryň arasynda gemrijiler toparyna degişli bolan suwiti-de bar. Olar süýdemdiriji haýwanlardyr. Suwiti daşky görnüşi boýunça syçana meňzeýän iri gemriji jandardyr. Olaryň kelleleri uly, gulaklary we gözleri kiçi bolýar.

Biler bolsaňyz

Pişikler ömürleriniň 70 göterimini uklap geçirýärler. * * *

Garagumuň täsin jandary

Garagum sährasynyň haýwanat dünýäsi özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Bu ýerde oňurgasyz we oňurgaly haýwanlaryň, guşlaryň, süýrenijileriň, süýdemdirijileriň köp görnüşlerine gabat gelmek bolýar. «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynyň çäklerinde duşýan süýdemdirijileriň biri-de gum pişigidir. Ylma mälim bolan ilkinji gum pişigi Alžiriň Saharasyndan tapylyp, 1858-nji ýylda bu barada habar berilýär. Şu güne çenli Marokkoda, Alžirde, Nigeriýada, Çadda, Müsürde, Arap ýarymadasynda we Ýakyn Gündogaryň birnäçe ýurtlarynda gum pişigi hasaba alyndy. Merkezi Aziýada 1925-nji ýylda Garagum sährasynda ilkinji gezek bu jandaryň bardygyny görýärler. Ol 1960-njy ýyllaryň ahyryna çenli Üstýurt düzlügine, Köpetdaga, Amyderýa we Syrderýa aralygyna (Gyzylgum), Garaguma ýaýrap başlaýar. Ilat sanynyň köpelmegi hem-de tebigy şertleriň üýtgemegi nazara alnyp, gum pişigi Tebigaty we tebigy baýlyklary goramak boýunça halkara bileleşik tarapyndan hasaba alynýar.

Te­bi­gat­da ýa­şa­ýan pan­da­la­ryň sa­ny­ny ha­sap­la­dy­lar

«7/24.tm»: №49 (236) 02.12.2024 Hy­ta­ýyň Mil­li to­kaý ho­ja­ly­gy we öri meý­dan­la­ry do­lan­dy­ryş eda­ra­sy äpet pan­da­la­ryň sa­ny­ny go­rap sak­la­mak bo­ýun­ça ama­la aşy­ry­lan mak­sat­na­ma­nyň ne­ti­je­le­ri­ni mä­lim et­di. Glo­bal Ti­mes ga­ze­ti­niň ha­bar ber­me­gi­ne gö­rä, bu mak­sat­na­ma­nyň çä­gin­de ýurt bo­ýun­ça bu haý­wan­lar üçin 67 go­rag­ha­na­nyň dö­re­dil­me­gi üp­jün edil­di. Ne­ti­je­de, te­bi­gat­da ýa­şa­ýan pan­da­la­ryň sa­ny 1900-e ýet­di.

Mü­neň­de şaý bol­sa tü­kel es­ba­by

«7/24.tm»: №48 (235) 25.11.2024 Türk­me­ni dün­ýä­de ta­nad­ýan mil­li şaý-sep­le­ri, ha­ly­la­ry, du­ta­ry bi­len bir ha­tar­da eziz sa­ýyl­ýan be­dew at­la­ry he­mi­şe söý­gä, sy­lag-hor­ma­ta my­na­syp­dyr. Döw­le­ti­miz­de at­çy­ly­gy ös­dür­mek, türk­men at­çy­lyk spor­tu­ny gal­kyn­dyr­mak hem-de mil­li we hal­ka­ra de­re­je­le­rin­de gu­rul­ýan uly ýa­ryş­lar­da tä­ze ýe­ňiş­le­riň ga­za­nyl­ma­gy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len äh­li we­la­ýat­lar­da öz möç­be­ri bo­ýun­ça haý­ran gal­dyr­ýan hal­ka­ra de­re­je­li at­çy­lyk sport top­lum­la­ry gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­di.

TÜRKMEN ALABAÝY – HALKYMYZYŇ MILLI BUÝSANJY

«Türkmen alabaýy gadymy oguz nesliniň dünýä medeniýetine goşan ajaýyp goşandydyr. Halkymyz bedew aty ýaly, alabaý itini hem iň ýakyn kömekçisi, wepaly dosty hasaplapdyr». Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly ajaýyp kitabyndan alnan bu jaýdar jümleler merdana halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda umumadamzat medeniýetiniň ösüşine, dünýä jemgyýetiniň galkynyşyna maddy we ruhy mirasy bilen uly itergi berendigini äleme äşgär edýär. Gözelligiň nepis nusgasy bolan halydyr dokma önümleri, ýelden ýyndam türkmen bedewi, wepadarlygy we edermenligi bilen dillerde dessan bolan alabaý iti halkymyzyň dünýä beren ruhy we maddy gymmatlyklarydyr. Bu miras ata-babalarymyz tarapyndan arzylanyp, nesilden-nesle geçirilip, milletiň buýsanjyna, halkymyzyň göz guwanjyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp şygrynda: