Halk paýhasynda — bürgüt ruhy

16 sagat öň
31

Ata-babalarymyzyň tebigata, guşlara yzygiderli gözegçiliginiň netijesinde, halk paýhasynyň gönezliginde olar bilen bagly ençeme düşünjeler jemlenipdir. Taryhy tapyndylarda guşlar, köplenç, ganatlaryny ýaýyp duran ýa-da ýygran görnüşinde şekillendirilipdir. Bu guşlaryň zoologik görnüşini anyklamak mümkin däl diýen ýalydyr. Käteler olar bürgüde ýa-da elguşa, käteler bolsa tawusa ýa-da kepderä çalym edýär. Pederlerimiziň awa salynýan elguş, bürgüt bilen baglanyşykly ruhy ýörelgeleriniň bolandygyny taryhy maglumatlar görkezýär. Elguş Oguz hanyň ýöriş çadyrynyň bezegi bolupdyr. Oguz hanyň öz nebereleriniň güýç-gaýratyna, akyl-paýhasyna, ukyp-üşügine garap, aw guşlarynyň hersini tagma-bellik hökmünde nesillerine berendigi barada «Oguznamalarda» we käbir çeşmelerde ýatlanylýar.

Bu barada «Oguznamada» şeýle diýilýär: «Oguz han ogullaryny iki tarapynda oturdyp, sag tarapynda altyn tutawaçly baýdak dikip, depesinde altyn bürgüt, çep tarapynda bolsa kümüş tutawaçly baýdak dikip, kümüş laçyn oturdypdyr». Oguz hanyň tugunda iki kelleli bürgüdiň şekili bolupdyr we ol döwlet tugy hasaplanypdyr. Bu barada Mahmyt Kaşgarlynyň «Türki dilleriň diwany» atly meşhur eserinde hem ýatlanylýar. Parfiýa gylyçlarynyň saplarynda, köplenç, bürgüt kelleleri bolupdyr. Bürgüt şekilleri Nusaýdan tapylan bezegli galkanlarda hem bar.

Toýly HOMMYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.