HABARLAR

Küştdepdi

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Türk­men halk dö­re­di­ji­li­gi­niň he­re­ket­li we söz­li gör­nü­şi bo­lan küşt­dep­di­le­riň dö­reý­şi öz göz­ba­şy­ny ta­ry­hyň çuň­luk­la­ryn­dan alyp gaýt­mak bi­len, bi­ziň hä­zir­ki aja­ýyp za­ma­na­myz­da bu tä­sin sun­gat ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän toý­dur-baý­ram­la­ryň be­ze­gi­ne öw­rül­di. Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­na eýe bol­ma­gy bi­len, bu halk dö­re­di­ji­lik gör­nü­şi­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­liş or­nu­nyň çä­gi has hem gi­ňe­di. Küşt­dep­di hä­zir ýur­du­myz­da tu­tul­ýan ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki toý­la­ryň be­ze­gi­ne öw­rül­di. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän döw­let de­re­jes­in­dä­ki kon­sert­ler­de küşt­dep­di­ler uly şow­hun bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Küşt­dep­di­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi öň­ki dö­wür­ler­de ýe­ke de­pim, üç de­pim gör­nüş­le­rin­de bo­lan bol­sa, hä­zir­ki gün­le­ri­miz­de onuň dür­li saz­la­şyk­ly de­pim­le­ri ýü­ze çyk­dy we olar sah­na­da tans­çy­la­ry­myz ta­ra­pyn­dan us­sat­lyk bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýä

Ça­pak tan­sy — sag­dyn­ly­ga we ru­hu­be­lent­li­ge ça­gy­ryş

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Tan­syň sag­dyn he­re­ket­ler üçin äh­mi­ýe­ti ba­ra­da köp iş­ler ýa­zy­lyp­dyr. Ta­ry­hy ýaz­gy­lar tan­syň örän ga­dy­my sun­gat­dy­gy­na gü­wä geç­ýär. Ça­ga­ly­gy­myz­dan türk­men ge­lin-gyz­la­ry­my­zyň toý-baý­ram­la­ry­my­zy be­ze­ýän tä­sin tan­sy aňym­da ga­lyp­dyr. Bu tä­sin­lik ça­pak tan­sy­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň Gündogar künjegindäki ýa­şaý­jy­la­ry­nyň ara­syn­da giň­den ýaý­ran ça­pak tan­sy mil­li toý­la­ry­my­zyň be­ze­gi­dir. Ça­pak tan­sy ýaş ge­lin-gyz­lar ta­ra­pyn­dan ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Tan­sy ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji­ler giň te­ge­le­gi eme­le ge­ti­rip, onuň mer­ke­zin­de iki ýa-da bir­nä­çe aýal maş­ga­la du­ran ýer­le­rin­de ýu­waş­ja bök­mek ar­ka­ly tan­syň il­kin­ji saz­la­şyk­ly he­re­ke­ti­ni ed­ýär­ler. Ola­ryň el­le­ri­niň aýa­la­ry bi­len ça­pak ça­lyş­la­ry tan­syň ru­hu­na öz­bo­luş­ly öwüş­gin ber­ýär. Bi­ler­men­ler tans he­re­ket­le­ri­niň as­man gi­ňiş­li­gin­de ga­nat ýaý­ýan guw­la­ry ýa­da sal­ýan­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler.

«Peçiz» türkmen milli oýny

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Türkmen pähimdar, ugurtapyjy, ynsanperwer milletdir. Halkymyz milli gymmatlyklarymyzy asyrlaryň dowamynda gorap saklap Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar nesillerine miras goýupdyr. Dünýä alymlary türkmeniň bäş müň ýyllyk taryhy bar diýip belleýärler. Munuň dogrudygyny türkmeniň dünýä swilizasiýasynyň ösüşine täsir eden döwürlerine hem ser salsak, aýdanlarymyzyň dogrudygyny aýdyňlygy bilen görmek bolýar. Miras — bu ata-babalarymyzyň nesillere goýan ýadygärligi. Şol mirasyň biri hem türkmen milli oýunlarydyr. Ol oýunlar nesil terbiýesinde hem aýratyn orny eýeleýär.

“Aşgabada gelip, çagalygyma dolanýaryn”

Şu günler paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň aýdymçylarynyň Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli şowhunly çykyşlary uly ruhubelentlikde dowam edýär. Düýn russiýaly zehinli aýdymçy Olga Şultaýsyň hem-de özbegistanly estrada ýyldyzy Osman Nowruzowyň türkmen aýdymçy-sazandalary bilen bilelikdäki konserti boldy. Bizem Aşgabatda doglan russiýaly aýdymçy Olga Şultaýs bilen söhbetdeş bolup, onuň Täze ýyl gutlaglaryny we paýtagtymyz bilen bagly ýatlamalaryny okyjylar bilen paýlaşmagy makul bildik. — Aşgabat — durmuşymyň iň süýji günleriniň, çagalyk ýyllarymyň geçen ýeri. Men şu şäherde doguldym, önüp-ösdüm, sungat älemine-de ilkinji gezek şu ýerde gadam basdym. Şonuň üçin bu gözel mekanyň durmuşymdaky ornuny söz bilen beýan etmek mümkin däl. Aşgabat hakyndaky ýüregimde beslän arzuw-umytlarymy, küýseg-telwasymy «Paýtagt» atly aýdymymda jemlemäge çalyşdym. Geçen ýylky Täze ýyl baýramçylygynda-da ata Watanymda konsert maksatnamasy bilen çykyş etmek miýesser edipdi. Şonda bu aýdymy hut şu sahnada ähli zehin-yhlasymy siňdirip ýerine ýetirmäge çalyşdym. Ol tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. Bu ýyl bolsa türkmen paýtagtyna bagyşlap «Ak şäherim Aşgabat» atly ýene bir aýdymy döretdim we ony tü

Täze ýylyň täsin däpleri

Täze ýyl baýramy dünýäniň ähli ýerinde şatlyk-şagalaňa beslenip, uly arzuw-umytlar bilen bellenilýär. Bu baýrama sabyrsyzlyk bilen garaşyp, gapyňy, göwnüňi, gujagyňy açmagyň her ülkede dürli-dürli bolşy ýaly, Täze ýylda berjaý edilýän däp-dessurlar hem biri-birine meňzemeýär. Türkmenistan — bagtyýar mekan

«Owazasy dünýä dolan Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyrymyzyň ähli arzuwlary wysal boldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şahyryň sarpasynyň belent tutulmagy, onuň döredijiliginiň dünýäde giňden wagyz edilmegi türkmen halkyny buýsandyrýar. Şunuň bilen bagly düýn 23-nji dekabrda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylda türkmen halkynyň nusgawy şahyrynyň ömrüni we dürdäne eserlerini, parasatly pikirlerini täzeden öwrenmekde hem-de onuň at-owazasynyň waspyny giň okyjylar köpçüligine ýaýmak maksady bilen «Diýar» žurnalynyň redaksiýasy «Owazasy dünýä dolan Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak çäresi geçirildi.

Täze ýyla göwün göteriji sowgatlar

Düýn paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň belli estrada aýdymçylarynyň konsertlerine badalga berildi. Ilkinji konsertiň maksatnamasynyň aglaba bölegini eýranly türkmen aýdymçysy Emin Raseniň, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Nurýagdy Rejebowyň we Ahmet Atajanowyň, şeýle-de Annaberdi Orazmämmedowyň aýdymlary düzdi. Joşgunly çykyşlar Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň baýramçylyk ruhuny belende göterdi. Eýranly estrada aýdymçysy Emin Rasen dabaranyň başynda ata Watany Türkmenistanda konsert bermegiň we ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Onuň «Serkerde», «Turan», «Gaýgy etme» ýaly aýdymlary tomaşaçylarda watançylyk, mertlik, aslyňa buýsanmak ýaly belent duýgulary oýarmak bilen, aýratyn ruhubelentlik bagyşlady. Eýranly türkmen aýdymçysynyň Annaberdi Orazmämmedow bilen bilelikde ýerine ýetiren «Türkmenistan» we «Magtymguludyr» atly aýdymlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýylyň ajaýyp üstünlikleriniň waspnamasy bolup ýaňlandy. Ahmet Atajanow bilen bilelikde ýerine ýetirilen «Watannama» atly aýdym hem dünýä giňişligindäki halkara abraýy barha ýokarlanýan Bitar

Aýdym-saz äleminiň parlak ýyldyzy

«Haýsy ýurtda aýdym-sazyň sesi belentden ýaňlanýan bolsa, şol ýurduň halky bagtyýardyr» diýlen aýtgy hut biziň ata Watanymyz, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan hakynda aýdylan ýaly. Çar ýanda ýaňlanýan aýdym-sazyň owazy abadan durmuşymyzyň waspyny giň jahana ýaýyp, göwünlerimize galkynyş, ýüreklerimize joşgun eçilýär. Ynsanyň sungata, edebiýata imrinmesi owalbaşda ruhunyň belentligi, şahsyýetiniň kämildigi hem-de öz durmuşyndan göwnühoşdugy bilen berk baglydyr. Çünki ylham diňe şeýle ajaýyp ahwally adamlara hemişelik hemra bolýar. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen ýurdumyzda ýylyň-ýylyna geçirilýän döwlet derejeli döredijilik bäsleşikleri hem özboluşly ukyba eýe, aýratyn başarnykly, sungaty özüne ykbal saýlan täze-täze zehinleri ýüze çykarmakda edilýän tagallalardan gözbaş alýar. Onuň netijesinde bu gün milli aýdym-saz medeniýetimiz döwrebap öwüşginler bilen baýlaşyp, uly sahnalarda, şeýle-de dünýä derejeli dabaralarda diňlenmäge mynasyp sungat eserleri döreýär.

Şeýle bir adam bar...

Şeýle bir adam bar — daglaryň aňyrsynda. Ýöne ýüregi welin, bärde — ata Watanymyz Türkmenistanda. Muňa onuň ýürek yhlasy we gara zähmeti bilen bitiren işleri şaýatlyk edýär. Olar şeýle bir köp, barmak büküp, sanap tükeder ýaly däl. Begenýän ýerim, dörän mümkinçilige görä, maňa şolaryň käbiri bilen tanyşmak miýesser etdi. Dogrusy, daşyndan ýaşalýan öýe meňzäp duran jaýa girenimizde täsin bir dünýä düşen ýaly bolduk. Çene görä, ýetmişiň onlugyndaky ýaşuly adam öňümizden ylgap diýen ýaly çykdy-da, öwrenen endigi bolsa gerek, derrew gürrüňe başlamak bilen boldy. Onuň juda begenýändigini duýmak kyn däldi. Ýüzüni agraslyk gaplap alanam bolsa, juda begençli pursady başdan geçirýändigini çalaja titreýän sesi aýan edip durdy. Zol-zol «Alyň, çaý içip oturyň!» diýip, dürli-dümenden doly saçakdaky nygmatlardan hödür edýänem bolsa, onuň bar aladasy gürrüň bermek we özüniň berýän gyzykly gürrüňlerini diňletmekdi.

Çaga terbiýesi - mukaddes ýörelge

Halkymyz edep-terbiýä döwletliligiň esasy çeşmeleriniň biri hökmünde garaýar. Pederlerimizden miras galan nakyllar bolsa çagalarda irki ýaşdan başlap, oňat häsiýetleri terbiýelemäge ähmiýet berlendigini subut edýär. Ata-babalarymyzyň nesil terbiýelemek ýörelgesine ygrarly halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem bu ugura aýratyn üns berýär. Häzirki wagtda hem Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan bagtyýar nesillerimiz hakyndaky üns-alada barha rowaçlanýar. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli ýörelgeleri, däp-dessurlary bu günki gün mynasyp dowam etdirilýär. Bu ýörelgeler pederlerimiziň kämilleşdiren edep kadalarydyr, durmuş ýoludyr. Şonuň üçin hem ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri geljek nesillere geçirilýär, milli terbiýe ylmy esasda öwrenilýär hem-de ösdürilýär. Täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň ähli künjeginde bilim-terbiýäniň başlangyç ojagy hasaplanylýan mekdebe çenli bilim hem terbiýe edaralarynda, çagalar bakja-baglarynda körpelere asylly terbiýe, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim bermek ugrunda ähli zerur şertler döredilendir. Çünki, çaga terbiýesi mukaddes ýörelgeleriň biri hasaplanylýar. Terbiýe babatda aýdylanda, her bir ata-enäniň perzendine ünsli we jogapkärli çemeleşmegi gerek. Perzendine asylly terbi