HABARLAR

Aş­ga­ba­dyň ak ga­ry

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Ge­çen ýyl­lar­a ga­ra­nyň­da şu ýyl paý­tag­ty­my­za ga­ryň köp ýa­gan­dy­gy üçin­mi ýa-da gar­ly gy­şa kän bir öw­re­niş­män­di­gim üçin­mi, ga­raz, tä­sin duý­gu­lar pi­kir­le­rim bi­len hä­li-şin­di ýüz­be-ýüz bol­dy dur­dy. Ça­ga­ly­gy­myz­da kal­by­myz­da orun tu­tan şat­lyk duý­gu­sy özüm­den bi­din pi­kir ala­da­la­ry­my alyp gaç­ýar.Ola­ryň yzy­na eýer­jek bo­lu­bam ýy­ly eşik­le­ri­ňi ge­ýip, daş çyk­ýar­syň. Şon­da aýa­gyň as­tyn­da tä­sin ses ed­ýän ga­ryň «öz­bo­luş­ly mu­ka­my» se­ni ça­ga­lyk ýyl­la­ry­ňa sa­ry alyp gid­ýär.

Di­ýa­ry­myz gyş gu­ja­gyn­da

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 As­man­dan inen ak­ja gar toz­ga­jyk­la­ry mu­kad­des top­ra­gy­my­zyň ýü­zü­ni ak­ly­ga bü­re­di. Ine-de gy­şyň ala­ma­ty. Bu ala­mat her bir türk­me­niň kal­by­na öz­bo­luş­ly öwüş­gin ça­ýyp ýüz­le­rin­de bagt­ly ýyl­gy­ryş­la­ryň peý­da bol­ma­gy­na ge­tir­ýär. Pä­him­dar pe­der­le­ri­mi­ziň «Gy­şyň gü­ni kyrk tüýs­li, kyr­ky­sy­da gy­lyk­syz» diý­mek bi­len gü­neş­li ül­kä­miz­de gyş pas­ly­nyň ed­ýän oýun­la­ry­ny çe­per sö­züň üs­ti bi­len be­ýan edip­dir­ler. Gyş pas­ly dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­da dür­lü­çe gel­ýär. My­sal üçin, iň do­wam­ly gar ýag­my­ry­na 1932-nji ýyl­da Ka­na­da­nyň ýa­şaý­jy­la­ry şa­ýat bol­du­lar. Ol ýer­de 9 gün dyn­man gar ýa­gyp­dyr. Mu­nuň ne­ti­je­sin­de ga­ryň bo­ýy bir gat­ly jaý­la­ryň üçe­gi­ne çen­li ba­ryp ýe­tip­dir. Af­ri­ka ýurt­la­ryn­da bol­sa gyş ge­len­de gar ýag­ma­ýan pur­sat­la­ry hem bol­ýar. Bi­ziň gü­neş­li Di­ýa­ry­myz­da bol­sa gy­şyň lez­ze­ti baş­ga­ça.

Täsin agaçlar

Nim agajy. Bu täsin bag leýlisaçy ýatladýar. Bagyň miwesinden ýasalýan dermanlar iň gymmatbaha derman hasaplanýar. Gadym döwürlerde hindiler onuň ýapragynyň gan aýlanyşygyna peýdalydygyny nazarda tutup, gözellik üçin ýüzlerine çalýan ekenler. Häli-häzire çenli nim miwesinden ýasalýan dermanlar we ondan alynýan ýaglar deri üçin iň täsirli dermandyr.

Uly Amyderýa pilburny

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... +3 gradusdan +2... +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +9... +14 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +6... +11 gradus maýyl bolar.

Gözellige maýyl göwün

Gözler hemişe gözellige maýyl, ol gözellikden ganmaýar. Näme üçindir gün üstüne ak don örtünen kert gaýaly daglaryň, ýaşyl begresli arçalaryň — baglaryň suratyny çekesim geldi. Birnäçe wagtlap yhlas bilen çeken suratymy dürli reňkler bilen reňkledim. Hiç neneň däl ýaly. Emma surat göwnümdäki ýaly gözel bolup bilmedi. Şol pursat «Tebigat — iň ökde suratkeş» diýen sözüň örän dürs aýdylandygyna ýene-de bir gezek göz ýetirdim. Men gözüm ganmaz tebigata çykdym-da, ony içgin synladym. Asman bilen Zemin bir-birine ýakynlaşan ýalydy. Asmandaky ak bulutlar Zemindäki ak gara owsun atýana meňzeýärdi. Bulutlaryň arasyndan jyklaýan Gün bolsa bu gözellige gözellik goşýardy. Has täsin ýeri bolsa, ýol gyralaryndaky dürli reňkli güller hem üstüne gar örtünip otyrdylar. Asmanda ak bulutlar kerwen gurap süýşüp barsa, ýerdäki ak garlar kem-kemden Gün nuruna ereýärdi. Men bu gözelligiň entek-entekler saklanyp galmagyny isledim. Emma tebigatyň öz kadasy, öz kanuny bar. Ol ynsanyň isleglerine boýun egmeýär. Ol adamlary bagtly we bol bereketdir rysgaldan paýly etmegi başarýar. Tebigat biziň ata-enemiz mysalydyr. Ol bizi ekleýär, saklaýar, özüni söýdürýär, bize-de ummasyz söýgi bagyşlaýar. Ýeri onsoň, şol söýgini nädip suratda ýa-da aýdymdyr sazda beýan edip biljek?!

Tut – uzak ýaşamagyň nyşany

Halkymyzda birek-birege dileg edilende «Janyňyz tut ýaly sag bolsun!» diýilýär. Çünki tut agajy kesellere durnukly bolup, uzak ýaşaýar. Onuň gurakçylykda, kyn şertlerde ösüp, ýaşap bilmegi halkyň ruhy durnuklylygy bilen baglanyşdyrylýar. Tuduň miwesi, ýapraklary, hatda guran sütüni-de durmuşda peýdaly. Baglara gadyr goýýan halkymyz, tudy has-da sarpalaýar.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... -5 gradus sowukdan +2... +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +9... +14 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +6... +11 gradus maýyl bolar.

Gy­şyň ajaýyp pursaty

«7/24.tm»: №51 (238) 16.12.2024 «Gy­şyň gö­zel­li­gi nä­mede?» di­ýen so­ra­ga, el­bet­de, her kim birhili jo­gap ber­me­gi müm­kin. Ýö­ne bu so­ra­ga köp adamlar iki sany jo­ga­by ber­er. Olaryň bi­rin­ji­si — gar, beý­le­ki­si-de — Tä­ze ýyl bol­ma­ly. Ge­liň, bu ge­zek gy­şyň gö­zel­li­gi bolan ga­r hakynda söhbet edeliň! Il­kin­ji gar toz­ga­jyk­la­ry ze­mi­ne inen­de mu­ny gö­ren her bir yn­sa­nyň göw­ni açyl­ýar. Gy­şyň adam­la­ra şat­lyk paý­la­ma­gy, gör, nä­hi­li buý­san­dy­ry­jy. Ag­şamsyna gar ýa­gyp, ýe­riň ýü­züni ak do­na bü­re­megi, sä­her bi­len oýa­nan ça­ga­la­ryň ýü­zün­de şat­lyk duý­gu­la­ry dö­räp, şolba­da eg­ni­ne ga­lyň­ja ge­ýim­le­ri­ni ge­ýip, ga­py­dan da­şa­ra ta­rap yl­gan ça­ga­la­ry gör­me­giň özi bagt. Se­bä­bi ol ça­ga­lar — gö­zel­li­giň, şat­lyk şow­hu­nyň muş­dak­la­ry.

Gyş gözelligi

«7/24.tm»: №51 (238) 16.12.2024 Her pas­lyň öz aý­ra­tyn­lyk­la­ry bar. Gyş — aja­ýyp we tä­sin dö­wür­. Bu pa­syl şeý­le bir syr­ly we özü­neçe­ki­ji. Te­bi­ga­tyň düýp­gö­ter üýt­ge­me­gi, daş-tö­we­re­giň gö­zel­li­gi gyş pas­lyn­da has gö­ze ýa­kym­ly gö­rün­ýär. Köp adam­lar gyş pas­ly­na sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýar­lar, se­bä­bi tä­sin, ýat­daga­ly­jy pur­sat­lar gyş pas­lyn­da ama­la aş­ýar. Bu pasyl hem­mä­ni özü­ne çe­kip, uly ýaş­ly­la­ry hem ça­ga dün­ýä­si­ne itek­le­ýär. Se­bä­bi gö­zel­lik­le­re bes­le­nen gyş uly-ki­çi hem­mä­ni öz tä­sin­li­gi­ne çek­ýär. Dur­mu­şy­myz­da iň tä­sin zat­lar bi­ziň ýa­dy­myz­dan çyk­ma­jak pur­sat­la­ry dö­red­ýär. Beý­le pur­sat­lar, esa­san-da, gyş pas­ly­nyň ber­ýän gö­zel­li­gi bi­len bi­ziň ýa­dy­my­za pug­ta or­naş­ýar.