Gy­şyň ajaýyp pursaty

15 Dekabr 2024
100

«7/24.tm»: №51 (23816.12.2024

«Gy­şyň gö­zel­li­gi nä­mede?» di­ýen so­ra­ga, el­bet­de, her kim birhili jo­gap ber­me­gi müm­kin. Ýö­ne bu so­ra­ga köp adamlar iki sany jo­ga­by ber­er. Olaryň bi­rin­ji­si — gar, beý­le­ki­si-de — Tä­ze ýyl bol­ma­ly. Ge­liň, bu ge­zek gy­şyň gö­zel­li­gi bolan ga­r hakynda söhbet edeliň! Il­kin­ji gar toz­ga­jyk­la­ry ze­mi­ne inen­de mu­ny gö­ren her bir yn­sa­nyň göw­ni açyl­ýar. Gy­şyň adam­la­ra şat­lyk paý­la­ma­gy, gör, nä­hi­li buý­san­dy­ry­jy. Ag­şamsyna gar ýa­gyp, ýe­riň ýü­züni ak do­na bü­re­megi, sä­her bi­len oýa­nan ça­ga­la­ryň ýü­zün­de şat­lyk duý­gu­la­ry dö­räp, şolba­da eg­ni­ne ga­lyň­ja ge­ýim­le­ri­ni ge­ýip, ga­py­dan da­şa­ra ta­rap yl­gan ça­ga­la­ry gör­me­giň özi bagt. Se­bä­bi ol ça­ga­lar — gö­zel­li­giň, şat­lyk şow­hu­nyň muş­dak­la­ry.

Allaberdi Arazow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.