Baglar — zemin bezegi

4 Dekabr 2024
207

Keremli topragymyzy bagy-bossanlyga büremek işine welaýat tokaý hojalygynyň bagbanlary işjeň gatnaşýarlar. Olar welaýatymyzyň etraplaryndaky nahalhanalarynda dürli agaçlaryň nahallaryny köpçülikleýin ösdürip ýetişdirýärler we olary edara-kärhanalara we raýatlara ýerleşdirýärler.

— Şanly ýylymyzyň geçen döwründe hojalygymyz boýunça pürli, ýaprakly we miweli agaç nahallarynyň 445 müň düýbi ösdürilip ýetişdirildi. Bulardan başga-da üzümiň, bezeg agaçlarynyň, çöl ösümlikleriniň hem on müňlerçe düýbüni ýetişdirdik. Geljekki işlerimiz üçin agaçlaryň we çöl ösümlikleriniň tohumlaryny ýygnamak işlerini hem üstünlikli alyp barýarys — diýip, hojalygyň baş bagbany Rüstem Joraýew gürrüň berýär.

Mämmet GYLYJOW.