Uly Amyderýa pilburny

2 gün öň
58

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň sergi zalynda ýurdumyzda duş gelýän haýwanlaryň we ösümlikleriň dürli görnüşleriniň şekilleri ýerleşdirildi. Olaryň arasynda bekre balyklar maşgalasyna degişli bolan Uly Amyderýa pilburny daşky sypatynyň üýtgeşikligi bilen ünsüňi özüne çekýär. Uly Amyderýa pilburny Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Bu görnüş Tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň sergi zalynyň «Amyderýa» döwlet goraghanasyna bagyşlanan diwarlygynda görkezilýär. Sebäbi bu balyk diňe Amyderýada duş gelýär we döwlet tebigy goraghanasy tarapyndan goralýar.

Uly Amyderýa pilburny Aziýanyň endemigi, düýbünden ýitip barýan görnüş hökmünde populýasiýasynyň goralyp saklanmagy we ähmiýeti taýdan dünýä möçberinde gymmatlydyr. Ol Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 1985-nji, 2009-njy, 2011-nji ýyllardaky neşirlerine we täze — 2024-nji ýyldaky neşirine girizildi. Ol XX asyryň başlarynda Amyderýanyň orta we aşaky akymynyň ähli ýerlerinde, Pänj, Wahş, Kafirnigana we Gyzylsuw derýalarynyň aşaky akymynda, XX asyryň ikinji ýarymynda joşly Jeýhunyň kä ýerlerinde hem-de Garagum derýasyndan «Hanhowuz» suw howdanyna çenli aralykda gabat gelýärdi. Häzirki wagtda diňe Amyderýada we onuň ýokary akymynda, Özbegistanyň we Täjigistanyň çäklerinde duş gelýär.

Güljemal ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň tebigat we ülkäni öwreniş bölüminiň müdiriniň orunbasary.