Şähergurluşygy: nusgalyk işleriň beýany

10 Sentýabr 2024
28

7-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi we täze şäheriň ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.

Şol gün bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we häkim G.Mämmedowa Gahryman Arkadagymyzy uly hormat bilen garşyladylar hem-de häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri, gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdiler.

«Bereketli toprak».