Halk demokratiýasy – döwlet syýasatynyň binýady

17 Sentýabr 2024
411

Döwleti dolandyrmakda, jemgyýeti demokratiýalaşdyrmakda, ata-babalarymyzyň köpasyrlyk ýörelgelerini tejribä ornaşdyrmakda, olary döwrebaplaşdyrmakda we kämilleşdirmekde halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Halk Maslahatynyň ähmiýetini aýratyn bellemek gerek. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzda geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi il agzybirliginiň, milli döwletliligiň ýene bir aýdyň mysaly bolar.

Munuň özi halkymyzyň «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýen paýhasly ýörelgä ygrarlydygynyň nobatdaky güwäsi bolup durýar. Şeýle asylly ýörelgeler ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ynsanperwer döwlet syýasatynyň mizemez binýadyny düzýär.

Daýanç ANNADURDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.