«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» ýapon dilinde neşir edildi

2 gün öň
36

Döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly çuň many-mazmuna ýugrulan ajaýyp eseri durmuş ulgamynyň dürli ugurlarynda uly üstünlikleri gazanýan we eziz Watanymyzyň gülläp ösüşlerine mynasyp goşant goşýan türkmen ýaşlaryna bagyşlanýar. Hormatly Prezidentimiziň bu eseri bir ýylyň dowamynda dürli dillerde neşir edildi. Häzirki wagtda hem bu ajaýyp kitap ýapon dilinde neşir edildi. Muňa bagyşlanyp, 18-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Geçen ýylyň dekabrynda çapdan çykan bu kitap daşary döwletlerde hem uly gyzyklanma eýe boldy. Onuň Sukuba uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda ýapon diline terjime edilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir. Tanyşdyrylyş dabarasyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çärä paýtagtymyza sapar bilen gelen «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary hem çagyryldy.

«Bereketli toprak».