"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Bathyza ýaz geldi!

Bathyza syýahat edeniňde, daşyňy gurşap alýan sähralygyň hem-de pisse tokaýlygynyň gözelliginiň waspyny taryplap, gutaryp bolmaýar. IХ asyrda ýaşap geçen arap taryhçysy Al Magdysyn Bathyzyň gözelligini wasp edip: «Bathyzyň töwerekleri bahar aýlarynda has ajaýyp» diýip ýazýar. «Bathyz» döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde tekiz sähralyk we baýyrlyk meýdanlar bar. Sähralykda ýaz aýlarynda gyzyl, sary, mawy reňklere beslenip oturan ýaýlalary, siňňitli ýagan mylaýym ýagyşdan soň, gök dona bürenip oturan maýsalary, ýapraklary ýag çalnan deýin ýalpyldaşyp oturan daragtlary göreni özüne bendi edýär. Asuda, arassa asmana seretseň, uzagrakdan durnalaryň setir bolup uçup barýanlaryny synlamak bolýar. Olar bize ýazyň gelendigini, indiki güýze çenli göçüp barýandyklaryny duýduryp, uçup gidýärler. Bu ajaýyp guşlar hiç haçan öz uçýan ugurlaryny üýtgetmeýärler.

Saglyk — baýlyk

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Köpçülik ýerlerinde bellenilen 2 metr araçägi saklamagy unutmaň!

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2022-nji ýylyň mart aýynyň 02-ne bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +5... +7°, gündizine +18... +20° maýyl bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Çagalar we ekologiýa goraglylygy

Pasyllaryň çalşygy kalbyňa söz bilen düşündirip bolmajak ýakymly duýgulary bagyşlaýar. Esasan hem, topraga jan girip baharyň gelmegi tutuş tebigatda şahyranalygy oýarýar. Ene tebigatyň şeýle gözelligini, jana şypa beriji ajaýyplygyny goramak bolsa, biziň her birimiz üçin parzdyr. Şonuň üçin hem tebigata bolan söýgi, ekologiýany hemişelik goramak wezipesi adamyň aňyna çagalykdan guýulýar. Ýurdumyzda hereket edýän çagalar we ýetginjekler döredijilik öýlerinde hut şu wezipe babatynda hem işler alnyp barylýar. Ýylyň dowamynda guralýan döredijilik bäsleşikleriniň arasynda ekologiýa meselelerine aýratyn uly üns berilýär. Çagalarda häzirden tebigata bolan söýgini ösdürmek üçin degişli işler geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Hydyr Kakabaýewiç Nunnaýewiň terjimehaly

Hydyr Kakabaýewiç Nunnaýew 1977-nji ýylyň 2-nji martynda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Babadaýhan obasynda doguldy. Milleti türkmen. 1983 — 1993-nji ýyllarda Ahal welaýatynyň Tejen şäherindäki 8-nji orta mekdepde okady.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Babamyrat Tirkeşowiç Meredowyň terjimehaly

Babamyrat Tirkeşowiç Meredow 1981-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Zaman geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen. 1988 — 1997-nji ýyllarda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 55-nji orta mekdepde okady.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Agajan Bekmyradowyň terjimehaly

Agajan Bekmyradow 1974-nji ýylyň 14-nji awgustynda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Mollanepes adyndaky geňeşliginde doguldy. Milleti türkmen. 1980 — 1990-njy ýyllarda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky 21-nji orta mekdepde okady.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

Aşgabat, 23-nji fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, bu ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşdy hem-de edebi döredijilik bilen meşgullandy. Munuň özi şöhratly pederlerimiziň yhlasyndan kemal tapan dünýä nusgalyk milli gymmatlyklarymyza aýratyn sarpa goýmagyň, çeper döredijilikde ýetilen sepgitlere, geçilen manyly menzillere uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Milli Liderimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde ady rowaýata öwrülen we dünýä medeniýetinde mynasyp orun eýeleýän ahalteke bedewleriniň halkara giňişlikdäki abraýy barha belende göterilýär. Soňky ýyllarda ahalteke bedewlerine dünýä alymlary, taryhçylary we atşynaslary tarapyndan uly üns berilýär. Dünýä genji-hazynasynda ahalteke bedewleri türkmenleriň döredijilik zehininiň aýdyň mysaly hökmünde aýratyn orun eýeleýär.

Sogan ekişi tamamlaýjy tapgyrda

Türkmenistanda ýazlyk sogany ekmek işleri tamamlaýjy tapgyrda barýar. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda şu hepdäniň duşenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda bu möhüm oba hojalyk möwsüminiň ýurdumyzyň welaýatlarynda tamamlanandygy barada habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, ekiş geçirilen ýerlerde degişli agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalar edilýär.

Abadançylyk — bagtyýarlygyň sakasy

Milli Liderimiziň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitaby neşir edildi Golaýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Tanyşdyrylyş dabaralaryna Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, şeýle hem jemgyýetçilik, döredijilik işgärleri, alymlar, medeniýet işgärleri, Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Möwsümleýin oba hojalyk işleri giň gerim alýar

21-nji fewralda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar. Iş maslahatynyň dowamynda paýtagtymyzy we ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýyna hem-de milli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly wajyp meselelere garaldy. Maslahatyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowyň, Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewiň, Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewiň, Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewiň sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, ýerleri we tehnikalary hem-de gowaça ekişinde ulanyljak gurallary taýýarlamak, ýazlyk gök ekinleriň ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça edilýän hemmetaraplaýyn tagallalar barada beren hasabatlaryny diňledi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň KARARY

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç BERDIMUHAMEDOWY «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamak hakynda Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletimiz Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarly bolmak bilen, parahatçylykly hem-de ynanyşmak medeniýetine esaslanýan daşary syýasaty alyp barýar. Dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak barada uly işler amala aşyrylýar.

Saýlawlar — demokratik ýörelgeleriň dabaralanmasy

21-nji martda Daşoguz welaýatynyň häkimliginiň mejlisler zalynda Demokratik partiýa tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär görkezilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen saýlawçylaryň duşuşygy geçirildi. Bu ýere welaýatyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň zähmet toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýörite orta okuw mekdepleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we kümüş saçly eneler ýygnandylar. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Serdar Berdimuhamedow çykyş edip, iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlenendigi üçin saýlawçylara hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanynyň öňde boljak saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşmagyň özi üçin belent mertebedigini belledi.

Sagdynlygyň mekany

Saglyk — ynsan ömrüniň bezegi, bahasyna ýetip bolmajak gymmatly baýlykdyr. Adam öz saglygyny saklajak we ony gorajak bolsa, tebigat bilen sazlaşykly gatnaşykda bolmaly, diňe ýagşy işlere baş goşup ýaşamaly, zyýanly endiklerden daşda durmaly. Hormatly Prezidentimiziň howandarlygynda neşir edilen «Paýhas çeşmesi» kitabyndaky «Sag başym — soltan başym», «Saglygym — begligim», «Saglyk — baýlyk» ýaly nakyllarda hem adam üçin saglykdan uly baýlygyň ýokdugy nygtalýar. Maşgala abadançylygy, jemgyýetiň sagdynlygy, döwletiň kuwwatlanmagy, gülläp ösmegi, halkyň, aýratyn hem, ýaş nesliň saglygyna baglydyr. Ynsan saglygy barada alada etmek, ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny, sporty ösdürmekde, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmekde Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýetilen sepgitler munuň aýdyň subutnamasydyr.

Geňeşene — giň dünýä

Özara içgin pikir alyşmalaryň esasynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi ösüşleriň täze gözýetimlerini kesgitledi. Kabul edilen 30 ýyllyk Maksatnama dünýädäki iň beýik Ewerest belentligi deý ýurdumyzy döwrüň iň beýik belentliklerine göterer, ösüşleriň iň çür başyna çykarar. Maksatly il myrada ýeter

Arassa ekologiýa — sagdyn ýaşaýşyň gözbaşy

Tebigatyň ekologiýa taýdan arassa bolmagy diňe bir ynsanyň jan saglygyna oňaýly täsirini ýetirmän, eýsem, ähli janly-jandarlaryň sagdyn ýaşaýşynyň özeni bolup durýar. Çünki ekologiýanyň arassalygy ömrüň uzamagy, ruhubelent ýaşaýşyň gözbaşydyr. Tebigat bilen ynsanyň we janly-jandaryň sazlaşykly ýaşamagy islendik döwrüň talabydyr. Güneşli Diýarymyzyň ekologiýa taýdan arassa, sähraýy tebigaty dürli görnüşli tebigy baýlyklar bilen gurşalandyr. Eziz Watanymyzyň mele topragynda ösýän ösümlikler dermanlyk häsiýetliligi, jana tenekarlygy bilen dünýä halklaryny haýrana goýýar. Türkmen topragynyň dagynda, düzünde, sährasynda ýaşaýşa bolan höwesiňi artdyrýan egsilmez güýç, ruhlandyryjy gudrat bar. Günbatar Köpetdagdaky «Aý daglary» diýlip atlandyrylýan täsin künjegiň gözelligi, Gökdere dag jülgesi, Aýdere jülgesi, Sünt-Hasardag gerişleri, Sumbar jülgesi, Köýtendag, Daraýydere jülgesi ýaly jülgelerdir daglaryň arassa howasy, Goşdemir şaglawugy, dag depelerinden şaglap akýan durnaň gözi deýin arassa çeşmäň suwy jana derman, topraga melhem. Ak bulutlar bilen gurşalan Erikdagyň ajaýyp görnüşi, dürli agaçlardan bölünip çykýan kalbyňy heýjana getiriji arassa howasy, al-ýaşyl öwüsýän ösümlikleri adam saglygyny berkitmekde dermandyr.

Çeper döredijiligiň halk ussasy

Ýurdumyzda ata-babalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklarymyzy aýap saklamakda, dünýä ýaýmakda we döwrebap ösdürmekde köp işler amala aşyrylýar. Bu babatda senetçiligiň agaç ussaçylygy ugry hem-de hünärmentçilik täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, barha rowaçlanýar. Türkmen saz gurallaryna, senetçilik sungatyna uly üns berilýär. Ýaňy-ýakynda dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ählimiziň buýsanjymyza buýsanç goşdy. Biz hem golaýda Lebap welaýatynyň Halaç etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň mugallymy, çeper döredijiligiň halk ussasy Agamurat ROZYÝEW bilen söhbetdeş bolduk. — Agamurat aga, sizi ilki bilen, «Çeper döredijiligiň halk ussasy» diýen ada mynasyp bolmagyňyz bilen gutlaýarys!

Garaköli goýunlarynyň seçgiçilik aýratynlygy

Çarwadarlaryň arasynda «Höwür goç – süriniň ýarysy» diýen ýörgünli düşünje bar. Munuň özi tohumçylyk işini alyp barmak, dowarlaryň önümliligini artdyrmak, önümiň hilini ýokarlandyrmak, tohum mallary ýetişdirmek üçin öňürti höwür goçlaryň tohumlylyk hilini gowulandyrmagyň uly ähmiýetiniň bardygyny aňladýar. Tohum goç guzular saýlanyp alnanda, esasan, beden gurluşy dürs, goýy gara (intensiw) reňkli, ýarymaýlaw buýraly, buýralarynyň ini ortaça, uzynlygy uzyn we ortaça uzynlykda bolup, guzynyň göwresinde endigan ýerleşip, aýdyň görünýän, tüýi gür, ýalpyldysy güýçli we kadaly derejede bolan mallar alynýar. Ýokarda görkezilen alamatlaryň toplumyny özünde jemleýän saýlantgy hem-de I derejeli goç guzular saýlanyp alnyp, ösdürime goýberilýär. Goç guzulara hil bahasy berlende, olaryň tüýüniň ýalpyldysyna aýratyn üns berilýär. Sebäbi bu alamatlar bagananyň harytlyk hilini, nepisligini, jana ýakymlylygyny, göze gelüwliligini kesgitleýär.

Ter önümleriň ygtybarly gory ammarlarda

2018-nji ýylda Lebap welaýatynyň «Miwe» oba hojalyk senagat birleşiginiň täze ammarlarynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi birleşikde alnyp barylýan işleriň gerimini we netijeliligini artdyrdy. Umumy sygymy 3 müň tonna bolan bu ammarlar gök we bakja önümlerini uzak wagtlap ter saklamaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda bu ammarlarda 2700 tonna önüm saklanylýar. Şonuň 2030 tonnasy ýeralmadyr. Şeýle hem 240 tonna käşir, 105 tonna sogan saklanylýar. Bulardan başga-da, ammarlarda kelemiň, almanyň, sarymsagyň, şugundyryň onlarça tonnasy bar.

Ýaşyl maýsalaryň idegi

Şu günler Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň «Pagtaçylyk» daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri ýaşajyk bugdaý maýsalaryna ideg işlerini birkemsiz berjaý edýärler. Atyzlara çilleriň çekilmegi bugdaý ekilen atyzlarda suwuň tekiz düşmegine ýardam berýär. Çil çekmekde hojalygyň mehanizatorlary Geldimyrat Geldiýew, Bäşim Hebiýew, Kaka Kakaýew dagy her güni ýokary iş netijeleri bilen jemlediler. Bu ýerde ýaşajyk bugdaý maýsalaryny mineral we ýerli dökünler bilen iýmitlendirmekde daýhan birleşigiň mehanizatorlary hem öz gaýratlaryny görkezýärler. Kärendeçiler häzirki wagtda atyzlaryň töwereklerini, çilleri guran ot-çöplerden, salmalary gyrmançalardan arassalaýarlar. Hojalykda alnyp barylýan işleri synlanyňda, kärendeçileriň eken 750 gektar meýdanyndan guşgursak ak bugdaýdan ýokary hasyl öndürip, azyk bolçulygyna uly goşant goşjakdyklaryna bolan ynamyň artýar.