Arassa ekologiýa — sagdyn ýaşaýşyň gözbaşy

22 Fewral 2022
1031

Tebigatyň ekologiýa taýdan arassa bolmagy diňe bir ynsanyň jan saglygyna oňaýly täsirini ýetirmän, eýsem, ähli janly-jandarlaryň sagdyn ýaşaýşynyň özeni bolup durýar. Çünki ekologiýanyň arassalygy ömrüň uzamagy, ruhubelent ýaşaýşyň gözbaşydyr. Tebigat bilen ynsanyň we janly-jandaryň sazlaşykly ýaşamagy islendik döwrüň talabydyr. Güneşli Diýarymyzyň ekologiýa taýdan arassa, sähraýy tebigaty dürli görnüşli tebigy baýlyklar bilen gurşalandyr. Eziz Watanymyzyň mele topragynda ösýän ösümlikler dermanlyk häsiýetliligi, jana tenekarlygy bilen dünýä halklaryny haýrana goýýar. Türkmen topragynyň dagynda, düzünde, sährasynda ýaşaýşa bolan höwesiňi artdyrýan egsilmez güýç, ruhlandyryjy gudrat bar.

Günbatar Köpetdagdaky «Aý daglary» diýlip atlandyrylýan täsin künjegiň gözelligi, Gökdere dag jülgesi, Aýdere jülgesi, Sünt-Hasardag gerişleri, Sumbar jülgesi, Köýtendag, Daraýydere jülgesi ýaly jülgelerdir daglaryň arassa howasy, Goşdemir şaglawugy, dag depelerinden şaglap akýan durnaň gözi deýin arassa çeşmäň suwy jana derman, topraga melhem. Ak bulutlar bilen gurşalan Erikdagyň ajaýyp görnüşi, dürli agaçlardan bölünip çykýan kalbyňy heýjana getiriji arassa howasy, al-ýaşyl öwüsýän ösümlikleri adam saglygyny berkitmekde dermandyr.

Rahym HOMMAÝEW,
Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň howpsuzlyk bölüminiň baş hünärmeni.