Saýlawlar — demokratik ýörelgeleriň dabaralanmasy

22 Fewral 2022
603

21-nji martda Daşoguz welaýatynyň häkimliginiň mejlisler zalynda Demokratik partiýa tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär görkezilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen saýlawçylaryň duşuşygy geçirildi. Bu ýere welaýatyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň zähmet toparlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýörite orta okuw mekdepleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular we kümüş saçly eneler ýygnandylar.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär Serdar Berdimuhamedow çykyş edip, iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlenendigi üçin saýlawçylara hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanynyň öňde boljak saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşmagyň özi üçin belent mertebedigini belledi.

«Bereketli toprak».