"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Uzak ýaşaýan daragt

Ýer ýüzünde arça agajy iň köp ýaýran agaçlaryň biri hasaplanýar. Şonuň üçin hem tokaýlaryň köp bölegini arçalyklar tutýar. Arça agajy derman senagatynda hem giňden peýdalanylýar.

Suw bilen bagly sözler

Şogap — derýanyň akymynyň bölünmegi bilen suwuň ortasynda galan zolak ýer. Girdap — derýada, deňizde suwuň köwlenip, aýlanyp akýan ýeri.

Bambuk tokaýlygy

Arasiýamanyň bambukly meýdany (Arashiyama Bamboo Forest) diňe bir Ýaponiýa döwletinde däl, eýsem, tutuş Ýer ýüzünde «Sagano bambuk tokaýy» ady bilen tanalýan meşhur syýahatçylyk zolagydyr. Bu bambukly meýdan Ýaponiýanyň Kioto şäheriniň günbatarynda Arasiýama etrabynda ýerleşýär. Sagano bambuk tokaýynyň meýdany 16 inedördül kilometr töweregi bolup, ol özboluşly seýilgähdir. Seýilgäh bambuk agajyndan dykyz örtülen. Bu ýerdäki bambuklaryň boýy 40 – 50 metre çenli beýiklige ýetip, olar edil asmany ýapyp duran ýaly keşbi emele getirýärler. Bambukly meýdanyň çäginde ýodajyklar ýerleşip, olarda emeli ýagtylanýan çyralar oturdylan. Bu çyralar arkaly bambukly meýdan gijesine-de örän owadan bolup görünýär. Pyýada ýodajyklaryň iki tarapyndan hem bambugyň guran baldagyndan we ýapragyndan ýasalan haýat geçýär.

Tebigatyň syry

Ata-babalarymyzyň janly tebigaty synlap, tebigat bilen bagly käbir zatlary öňünden bilişleri haýran galdyrýar. Olaryň Aýyň ýaşyşyndan, Günüň gulaklaýşyndan, guşlaryň uçuşyndan many çykaryp, boljak zady dogry kesgitleýändigi seni buýsandyrýar. Eýsem, «Gyşyň gulunyny taşlamagy», «Gögüň gurrasyny atmagy» diýildigi nämekä? Pähimli ata-babalarymyzyň çaklaýşyna görä, gyşyň içinde ýazyň alamaty görünse, il içinde «Gyş gulunyny taşlady» diýilýär. Eger ýyldyrym çakyp, gök gürlese, baýguş gygyrsa, onda «Gök gurrasyny atdy» diýlipdir we bu ýazyň ir geljegini aňladypdyr. Şeýle bolanda ýaz maýyl, şonuň ýaly-da ýagyşly bolýar. Şu ýyl gyşda şeýle alamatlar göründi. Onuň şeýledigini howanyň häzirki maýyllygy-da aýdýar.

Täsin towuk

Indoneziýada bu öý guşuna – Aýam semani diýilýär we ol «gara towuk» diýmegi aňladýar. Ol dünýäde iň üýtgeşik we täsin guşlaryň biri hasaplanylýar. Onuň bedeniniň ähli bölegi gara reňkli bolup, ýelekleri metal öwüşginliligi bilen haýran galdyrýar. Ýabany ýagdaýda olar Indoneziýada, Sumatra adasynda duşýar. Indoneziýada bu guş seýrek hem-de gymmat bahaly hasaplanylýar. Horazynyň agramy 2 – 2,5 kilogram, towugynyňky 1,5 – 2 kilograma golaý bolup, aýaklary uzyn, ýumurtgasynyň ortaça agramy 50 grama barabar. Şeýle-de, onuň eti iýmit hökmünde ulanylýar. Maglumatlara görä, guşuň etiniň düzüminde aminokislotalar, witaminler, aýratyn hem, B witaminler topary, kalsiý, fosfor, demir elementleri, hem-de eritrositleriň we gemoglobiniň mukdaryny artdyrýan maddalar köp saklanýar.

Çölde agaç tohumlaryny ekýän robot

Dubaýda ýerleşýän Dizaýn we innowasiýa institutynyň talyby Mazýar Etehadi «A’seedboot» atly roboty ýasady. Bu robot uç-gyraksyz çölde ekin ekip boljak ýerleri anyklap, şol ýerlerde agaç tohumlaryny ekýär. Etehadiniň roboty «Global Grad Show» habar beriş serişdesi arkaly tanyşdyryldy. Mazýar Etehadi aCNN teleýaýlymyna beren interwýusynda dünýäniň köp bölegini çölüň tutýandygyny nygtap, bu robot arkaly geljekde şol çöllük ýerleri tokaýlyklara öwrüp boljakdygyny, bu ugurda onuň özüniň iş alyp barýandygyny mälim etdi.

Mermer gowaklar

Ýer togalagynyň owadan ýerleriniň biri-de, Çiliniň we Argentinanyň çäginde ýerleşen mermer gowaklarydyr. Bu gowaklar toplumy «Cuevas de Marmol» ady bilen meşhur bolup, olar dünýäniň iň owadan gowaklary hasaplanýarlar. Bu tebigy täsinlik dünýäniň iň uly kölleriniň biri hasaplanylýan Buenos-Aýres kölünde ýerleşýär. Ýerli ilatyň we beýleki käbir halklaryň dilinde «Çiliniň mermer gowaklary» ady bilen tanalýan bu täsin ýerdäki gök-mawy reňkli gerişleriň we diýseň arassa suwly kölüň bilelikde sazlaşykly emele getiren owadanlygy jenneti ýada salýar. Syýahatçylar Çiliniň mermer gowaklarynyň güneşli hem-de bulutly günlerde dürli öwüşgin berýändigi barada aýdýarlar. Olar bu ýeri synlamaga ýaz paslynyň başlamagynyň öň ýanynda barlanda has-da gözel keşbe eýe bolýandygyny belleýärler. Bu bolsa howanyň gyzmagy netijesinde buzlaryň eräp, kölüň suwunyň bulaşyk bolýandygy bilen baglanyşdyrylýar. Bahar aýlarynda suwuň derejesiniň pes bolmagy gowaklaryň içinde aýlanyp, täsinlikleri synlamaga mümkinçilik berýär. Munuň üçin kölüň töwereginde ýörite gaýyklar hem ýerleşdirilýär.

Saglyk — baýlyk

1.Şahsy gigiýenanyň kadalaryna berk eýeriň! 2.Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2022-nji ýylyň fewral aýynyň 23-ne bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +16... +18° maýyl bolar. Howanyň basyşy 738 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Tehnikalar taýýar

Şu günler berkarar Diýarymyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda Lebap welaýatynyň hojalyklarynda hem ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görülýär. Aslynda, sebitde eýýäm ýeralmadyr sogan ekişine girişildi, öňümizdäki aýda gök-bakja ekinleri bilen bir hatarda, gowaça ekişi guramaçylykly geçiriler. Bosagada duran möwsüme ýokary derejedäki tehniki taýýarlyk bilen barylýar. Welaýatyň tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda we daýhan birleşiklerinde taýýarlanan gowaça ekijileriň 328-sinden 47-si Saýat etrabyndaky meýdanlarda ulanylar. Häzirki wagta çenli bu zähmet gurallarynyň ählisi bosagada duran möhüm oba hojalyk möwsümine taýýar.

Ösümligiň üstünde işlenilýär

Alymlar duzly ― şor topraklarda ýetişip, hasyl berip biljek ösümlikleri gözleýärler ýa-da ozal bar bolanlarynyň genini üýtgedip, şor topraga uýgunlaşmagynyň çäresini tapmaga çalyşýarlar. Şeýle synaglaryň ilkinjileriniň biri nohutda geçirildi. Bu synagy Gonkong uniwersitetiniň alymlary geçirdiler. Olar munuň üçin nohudyň düzüminde şor topraga uýgunlaşyp biljek molekulýar bölejikleri köpeltmäge synanyşdylar. Munuň üçin himiki we biologiki synaglaryň birnäçe tapgyry geçirildi. Şeýle-de bolsa iş heniz doly tamamlananok. Alymlar şor topraga uýgunlaşjak nohudy alyp boljakdygyna ynanýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki ÇYKYŞY

(2022-nji ýylyň 11-nji fewraly) Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

(2022-nji ýylyň 11-nji fewraly) Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary

Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny tassyklamak hakynda Täze taryhy döwürde uly özgerişlikleri başdan geçirýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz ösüşiň täze belentliklerine galýar. Söýgüli Watanymyzy gurşap alan guwandyryjy özgertmelerden ruhlanan, onuň bütin dünýädäki barha artýan abraýyna we şöhratyna tüýs ýürekden buýsanýan türkmenistanlylar ýurdumyzda yglan edilen «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryny bütin kalplary bilen gyzgyn garşy aldylar. Olar jemgyýetiň durmuşyny özgertmek, onuň röwşen geljegi üçin yhlasdyr joşgun bilen zähmet çekýärler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

G.Ataýewe Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmak hakynda Garaşsyz Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, ykdysadyýetiň, ylmyň, bilimiň we saglygy goraýşyň ähli pudaklaryny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde gazanylýan üstünliklerde, ösüp gelýän nesillerimize milli däp-dessurlarymyza laýyklykda terbiýe bermekde ýaşuly nesliň hyzmaty örän uludyr. Gazanylan bu ajaýyp üstünliklerde saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleriniň hem uly paýy bardyr.

2021-nji ýylda ýurdumyzda iň gowy diýlip yglan edilen Dänew etrabynyň ähli ilatyna

Hormatly dabara gatnaşyjylar! Hormatly adamlar!

Resmi habarlar

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginli ösüşini üpjün etmek, milli Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýadyny has-da berkitmek, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösen döwlete öwürmek, bilimlere we innowasiýalara daýanýan, ekologiýa taýdan amatly tehnologiýalary özünde jemleýän ykdysadyýetiň pudaklaryny durnukly we toplumlaýyn ösdürmek, dolandyryşyň täze, has netijeli usullaryny bazar ykdysadyýeti şertlerinde ornaşdyrmagy dowam etdirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hem-de bagtyýar we abadan ýaşaýşyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» tassyklanyldy. Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Milli maksatnamada bellenen wezipeleriň, işleriň we çäreleriň öz wagtynda we talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

Demokratik ýörelgelere daýanyp...

14-nji fewralda ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň nobatdan daşary IX gurultaýy geçirildi. Gurultaýyň gün tertibiniň esasy meselesi Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgäri hödürlemekden ybarat boldy. Foruma delegatlar bilen birlikde, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Düzgünlere eýereliň!

Ýiti respirator keseli dümew howply ýokanç kesel bolup, öz wagtynda doly we dogry bejeriş geçirilmese ýa-da derman serişdeleri lukmandan birugsat kabul edilse, agyr gaýra üzülmelere getirip bilýär. Galyberse-de, keseliň beýleki maşgala agzalaryna ýokuşmak howpy peýda bolýar. Şoňa görä, dümewiň ilkinji alamatlary (gyzdyrma, ysgynsyzlyk, gakylykly ýa-da gury üsgülewük, derleme, burun dykylma, dem almagyň kynlaşmagy) peýda bolan dessine lukmana ýüz tutup, ýatymlaýyn şertlerde bejergi almaly. Gatnawly şertlerde bejergi almaga rugsat edilýän halatlarynda bolsa, öýde aýry-aýry düzgünleri berjaý etmeli. — Näsagy aýratyn otagda ýerleşdirmeli. Onuň gap-gaçlary, süpürgiji we zerur durmuş hajatly zatlary beýleki maşgala agzalarynyňkydan aýrybaşga ulanmagyny üpjün etmeli.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2022-nji ýylyň fewral aýynyň 16-na bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... -2° sowuk, gündizine +7... +9° maýyl bolar. Howanyň basyşy 742 mm, çyglylygy 55 — 75%.