Täsin towuk

22 Fewral 2022
1496

Indoneziýada bu öý guşuna – Aýam semani diýilýär we ol «gara towuk» diýmegi aňladýar. Ol dünýäde iň üýtgeşik we täsin guşlaryň biri hasaplanylýar. Onuň bedeniniň ähli bölegi gara reňkli bolup, ýelekleri metal öwüşginliligi bilen haýran galdyrýar. Ýabany ýagdaýda olar Indoneziýada, Sumatra adasynda duşýar. Indoneziýada bu guş seýrek hem-de gymmat bahaly hasaplanylýar. Horazynyň agramy 2 – 2,5 kilogram, towugynyňky 1,5 – 2 kilograma golaý bolup, aýaklary uzyn, ýumurtgasynyň ortaça agramy 50 grama barabar. Şeýle-de, onuň eti iýmit hökmünde ulanylýar. Maglumatlara görä, guşuň etiniň düzüminde aminokislotalar, witaminler, aýratyn hem, B witaminler topary, kalsiý, fosfor, demir elementleri, hem-de eritrositleriň we gemoglobiniň mukdaryny artdyrýan maddalar köp saklanýar.

Oguljeren HUDAÝNAZAROWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.