Tebigatyň syry

22 Fewral 2022
1152

Ata-babalarymyzyň janly tebigaty synlap, tebigat bilen bagly käbir zatlary öňünden bilişleri haýran galdyrýar. Olaryň Aýyň ýaşyşyndan, Günüň gulaklaýşyndan, guşlaryň uçuşyndan many çykaryp, boljak zady dogry kesgitleýändigi seni buýsandyrýar. Eýsem, «Gyşyň gulunyny taşlamagy», «Gögüň gurrasyny atmagy» diýildigi nämekä?

Pähimli ata-babalarymyzyň çaklaýşyna görä, gyşyň içinde ýazyň alamaty görünse, il içinde «Gyş gulunyny taşlady» diýilýär. Eger ýyldyrym çakyp, gök gürlese, baýguş gygyrsa, onda «Gök gurrasyny atdy» diýlipdir we bu ýazyň ir geljegini aňladypdyr. Şeýle bolanda ýaz maýyl, şonuň ýaly-da ýagyşly bolýar. Şu ýyl gyşda şeýle alamatlar göründi. Onuň şeýledigini howanyň häzirki maýyllygy-da aýdýar.

Aýna ABAÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymy.