Tehnikalar taýýar

21 Fewral 2022
787

Şu günler berkarar Diýarymyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda Lebap welaýatynyň hojalyklarynda hem ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görülýär. Aslynda, sebitde eýýäm ýeralmadyr sogan ekişine girişildi, öňümizdäki aýda gök-bakja ekinleri bilen bir hatarda, gowaça ekişi guramaçylykly geçiriler.

Bosagada duran möwsüme ýokary derejedäki tehniki taýýarlyk bilen barylýar. Welaýatyň tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda we daýhan birleşiklerinde taýýarlanan gowaça ekijileriň 328-sinden 47-si Saýat etrabyndaky meýdanlarda ulanylar. Häzirki wagta çenli bu zähmet gurallarynyň ählisi bosagada duran möhüm oba hojalyk möwsümine taýýar.

Begenç ŞARIPOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.